Sepleriň elýeterliligi

Dagystan: Awtobus heläkçiliginde dokuz adam öldi


Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regiony.

Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regiony.

Orsýetiň Dagystan regionynda bolan awtobus heläkçiliginde azyndan dokuz adam öldi we başga-da onlarçasy ýaralandy.

Dagystanyň Içeri işler ministrliginiň 13-nji iýulda beren maglumatyna görä, Kawkaz respublikasynyň Tarumowka etrabyndaky Talowka Tarumowskiý obasynyň golaýyndaky Mahaçkala-Astrahan asfalt ýolunda bolan ýol heläkçiliginden soň, başga-da 27 adam keselhana ýerleşdirildi.

Resmiler awtobusda 33 ýolagçynyň bolandygyny aýdýarlar.

Dagystanyň saglygy saklaýyş resmileri ýol heläkçiligi netijesinde ýaralananlaryň arasynda dört çaganyň hem bardygyny belleýärler.

XS
SM
MD
LG