Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Migrantlaryň pul ugratmak problemalary


Amerikan dollary.
Amerikan dollary.

Bilnişi ýaly daşary ýurtlardan Türkmenistana “Western Union” ulgamy arkaly pul ugratmak mümkinçiliklerine täze çäklendirmeler girizildi. Mundan beýläk, Türkmenistandan puly kabul edýän tarap maliýe serişdeleri ugradanyň garyndaşlyk derejesini görkezýän güwanamany, şeýle-de ugradyjynyň bu pullary nädip gazanandygy baradaky aýlyk kepilnamany görkezmäge borçly edildi.

Ýogsa-da bu ýagdaý başda Türkiýedäki we beýleki ýurtlardaky türkmenistanly zähmet migrantlara nähili täsir edýär? Türkmen migrantlar pul ugratmak barada nähili tejribeleri başdan geçirýärler? Türkmenistandaky maşgalasyny Türkiýede işläp ekleýän migrantlar pul ibermek çäklendirmesine nähili çykalgalar gözleýärler?

Azatlyk Radiosy Dünýä türkmenleri gepleşiginiň nobatdaky sanyny Türkmenistana walýuta ibermek çäklendirmesiniň daşary ýurtlardaky türkmen migrantlaryna ýetirýän täsirine gönükdirýär.

Bu temadaky gepleşige gatnaşmak, öz tejribelerini, başdan geçirmelerini we duýgudyr-garaýyşlaryny dünýä türkmenlerine ýetirmek işleýänler hat@azatradio.org ýa-da metbugat@gmail.com elektronik hat salgylarynyň üsti bilen habarlaşyp bilerler. Teswirleriňizi bolsa aşakdaky foruma galdyryp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG