Sepleriň elýeterliligi

NATO, Orsýet gepleşikleri geçirýär


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko (çepde) we NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg. 9-njy iýul, 2016 ý. Polşa

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko (çepde) we NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg. 9-njy iýul, 2016 ý. Polşa

13-nji iýulda NATO we Orsýetiň arasynda gepleşikler geçirilýär. Moskwanyň Ukrainadaky agressiýasy babatda aladalanmalaryň artmagy netijesinde NATO Warşawada geçirilen sammitde özüniň gündogar Ýewropadaky harby goşunyny güýçlendirmek barada ylalaşany bäri, Orsýet bilen NATO ilkinji gezek gepleşikleri geçirýärler.

Şol bir wagtyň özünde, NATO agza 28 ýurduň wekilleri bilen Orsýetiň arasynda geçirilýän bu duşuşyk 2014-nji ýylda Ukraina krizisi döräni bäri geçirilýän şuňa meňzeş maslahatlaryň ikinjisidir.

NATO Polşa we Baltik döwletlerine 4 müň çemesi esgerden ybarat batalýony ugratmak barada geçen hepde gelen karary barada Moskwa maglumat berjekdigini aýtdy.

Moskwa bolsa, duşuşygyň dowamynda Birleşen Ştatlaryň raketa goranyş galkanynyň töwekgelçilikleri we NATO-nyň Baltik deňziniň howa giňişliginde howpsuzlygy gowulandyrmak baradaky planlary barada maslahat etjekdiklerini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG