Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa: ‘Zähmet’ partiýasyny[ liderligine ikinji dalaşgär goşuldy


Britaniýanyň oppozision “Zähmet” partiýasynyň lideri Jeremi Korbiniň (Jeremy Corbyn). (Çepden ikinji)
Britaniýanyň oppozision “Zähmet” partiýasynyň lideri Jeremi Korbiniň (Jeremy Corbyn). (Çepden ikinji)

Britaniýanyň oppozision “Zähmet” partiýasynyň lideri Jeremi Korbiniň (Jeremy Corbyn) liderligini elinden almak üçin ikinji dalaşgär ýaryşa goşuldy.

“Zähmet” partiýasynyň kanunçykaryjysy Owen Smit bu baradaky kararyny 13-nji iýulda mälim edip, “Men diňe ‘Zähmet’ partiýasynyň nobatdaky lideri däl, eýse ‘Zähmet’ premýer-ministri hem bolmak isleýärin” diýdi.

Smit “Zähmet” partiýasynyň täze lideri bolmak üçin “Zähmet” partiýasyndan Angela Eagle bilen ýaryşar. Ýeňijiniň sentýabr aýynda yglan edilmegine garaşylýar.

Korbini “Zähmet” partiýasynyň liderliginden aýyrmak kampaniýasyna 23-nji iýunda Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň düzüminden çykmak barada geçirilen referendumlaryň yzýany başlandy.

XS
SM
MD
LG