Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Hudaýa dil ýetirmekde aýyplanýan adam gözlenýär


Pakistanyň polisiýa işgärleri.
Pakistanyň polisiýa işgärleri.

Pakistanyň polisiýasy mobil telefony arkaly musulman dostuna masgaraçylykly goşgyny ugradandygy aýdylyp, hudaýa dil ýetirmek aýyplamasy bilen ýüzbe-ýüz bolýan hristian adamy gözleýär.

Ýasir Başir “Whatsapp” tilsimi arkaly goşgyny ugradany üçin Nadim Jamesi Punjab welaýatynyň Gujarat etrabynyň polisiýasyna şikaýat etdi diýip, 12-nji iýulda polisiýa aýtdy.

30 ýaşlaryndaky Jamese garşy polisiýa derňew işini gozgandan soň, ol sebitden gaçyp gitdi.

Pakistanyň hudaýa dil ýetirmek baradaky kanuny 1980-nji ýyllarda kabul edildi. Bu kanuna laýyklykda günäli tapylanlar ölüm jezasy bilen jezalandyrylýar.

Pakistanyň Adalat we parahatçylyk boýunça Milli komissiýasynyň maglumatyna görä, 1987-2015-nji ýyllar aralygynda ýurtda 1,481 adam hudaýa dil ýetirmekde aýyplanypdyr.

XS
SM
MD
LG