Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebap: Daşary ýurda pul ugratmakçy bolýanlar köpeldi


Türkmenabatda daşary ýurda pul ugratmak üçin nobata duran adamlar. 13-nji iýul, 2016 ý.
Türkmenabatda daşary ýurda pul ugratmak üçin nobata duran adamlar. 13-nji iýul, 2016 ý.

Türkmenabadyň banklaryndan daşary ýurtlara pul ugratmakçy bolýan adamlaryň sany köpelýär. Häzirki wagtda şäheriň banklarynyň öňünde eli kagyzly daş-töweregine üýşenleriň adyny, familiýasyny ýazýanlar, ýa-da elleri dokumentli papkaly adamlar, agaçlaryň ýa-da jaýlaryň kölegesinde oturanlar – bularyň hemmesi daşary ýurtlara pul ugratmak üçin öz gezegine garaşýan adamlardyr.

Bu görnüş Türkmenabadyň banklarynyň öňündäki soňky hepdede adaty ýagdaýa öwrüldi. Häzirki wagtda günde her bankyň öňünde adamlaryň köpelmegi sebäpli gündelik nobat sanawy düzülýär. Bu sanawy banka gelýän adamlaryň özleri düzüp, bankyň işgärine tabşyrýarar we soňra, şol sanawa görä, talon berilýär.

Bank tarapyndan pasport bilen berilýän we nobat talony diýilýän ýönekeý kagyzjykda müşderiniň ady we gelmeli güni ýazylýar. Bu talonlary almak üçin nobata durmana adamlar gijeden, ýa bolmasa-da daňdandan bankyň öňüne toplanýarlar we bu sanawdaky adamlaryň gündelik üç ýüzden geçýändigi aýdylýar.

Berilýän talonda müşderileriň gelmeli güni her banka görä üýtgeýär. Meselem, Türkmen-türk bankynda soňky nobatlara görä berlen talonlarda müşderileriň nobatynyň iň ýakyn güni 19-njy iýul diýlip görkezilipdir, ýagny adamlar tas bir hepde öz nobatyna garaşmaly bolýarlar. Emma bankyň öňünde üýşüp duran adamlaryň aýtmagyna görä, agzalýan bankyň berýän talonyndaky nobatlar şäheriň içinde iň amatly nobatlaryň biri diýlip hasaplanylýar. Türkmenabadyň Garagum täjirçilik bankynda bolsa talonlar häzirki wagtda sekizinji awgusta berilýär.

Banklaryň içinde, daşynda bu nobatlaryň emele gelmeginiň esasy sebäpleriniň biri, aýdylmagyna görä, daşary ýurtlara diňe “Western Uniondan” pul ugradyp bolýanlygy bilen bagly. Emma soňky günlerde ”Western Uniondan” pul ugratmagyň-da hem emeli suratda kynlaşdyrylýandygyny bankyň öňünde duran adamlardan eşitmek bolýar.

“Her gün bir zat çykarýarlar, günde bir kynçylyk, bir giden dokument toplamaly soňra bolsa nobata durmaly, şunça kynçylyklardan soňra [iberýän puluň] aýda bir gezek we müň dollardan geçmeli däl” diýip, 40 ýaşlaryndaky türkmenabatly Anbar Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Banklar müşderileri irden sagat 9-dan tä öýlän sagat 4-e çenli kabul edýärler, emma bankyň bir günüň dowamynda bary-ýogy 40 ýa-da 50 sany müşderä hyzamat edip ýetişýändigini aýdýarlar. Müşderileriň beýle az sanlysynyň kabul edilmegi bankyň içki kompýuter ulgamynyň baglanyşygynyň käte ýitip gidýänligi, ýa bolmasa pes işleýänligi bilen we ulgama hiç hili maglumat girizip bolmaýanlygy bilen düşündirilýär. Onsoň müşderiler tä baglanyşyk gaýtadan sazlanýança garaşmaly bolýarlar.

Bu ýagdaý has hem Türkmenabadyň banklaryna etraplardan gelýänler üçin kynçylyk döredýär.

“Men Halaçdan gelen günüm nobata durdum, soňra on günden bellenen gününe geldim. Emma bankyň kompýuterleri işlänok diýip, hiç hili pul geçirip bolmady” diýip, 30 ýaşlaryndaky Begmyrat aýdýar.

Begmyradyňky ýaly ýagdaýa düşüp, öz nobaty wagtyndan gijikdirilenler bank tarapyndan talap edilýän dokumentleri ýene-de täzeden düzetmeli bolýarlar. Käbir müşderileriň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, soralýan dokumentleriň alnan wagtyndan on gün geçse, bank olary kabul etmän, şol dokumentleri täzeden getirmegi talap edýär.

Ýogsa-da býujet edarasynda aýlykly bir ýerde işleýänler, näçe kynam bolsa buhgalteriýadan ol talap edilýän girdeji kagyzyny alyp bilýän-de bolsalar, mal söwdasyny edip girdeji alanlygyň baradaky dokumentleri arçynlykdan ýa-da weterinar gullugyndan täzeden almagyň kyn işdigini aýdýarlar.

Häzirki wagtda “Western Union” arkaly pul geçirimek hyzmatyny Türkmenabadyň Senagat, Türkmen-Türk, Garagum, Türkmenabaşy ýaly täjirçilik banklary we bölümleri alyp barýarlar.

XS
SM
MD
LG