Sepleriň elýeterliligi

Eýran ylalaşygy baradaky kanun sese goýulýar


Wekiller öýüniň daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Ed Roýs

Wekiller öýüniň daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Ed Roýs

Birleşen Ştatlaryň Wekiller öýi 13-nji iýulda respublikanlaryň prezident Barak Obamanyň Eýran bilen baglaşan ýadro ylalaşygynyň badyny gaçyrmak babatdaky kanun taslamasyny sese goýýar.

Ýogsam bolmasa, bu ylalaşygyň yglan edilenine bir ýyla golaý wagt boldy.

Bu kanun Eýrana garşy, terrorçylyga howandarlygyň islendik görnüşi we adam hukuklarynyň bozulmalary sebäpli täze sanksiýalary girizmäge, şertnama esasynda Eýrandan satyn alynmagyna ygtyýar berlen “agyr suw» söwdasyna gadaganlyk girizmäge, şeýle-de Eýranyň ABŞ-nyň maliýe sistemalaryna elýeterligini, şol sanda amerikan dollaryny ulanmagyny togtatmaga mümkinçilik berer.

Wekiller öýüne we Senata kontrollyk edýän respublikanlar geçen ýyl Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyna biragyzdan garşy boldular we şondan bäri Eýranyň ballistik raketalaryny synag etmeginden we beýleki aktiwliklerinden, prowakatiw hasaplap, alada bildirdiler.

"Eýranyň şu hili örän howply işjeňliklerini seljerip görmek üçin biziň elden gelen tagallany etmegimiz gerek" diýip, respublikanlaryň wekili, Wekiller öýüniň daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy hem-de gürrüňi edilýän kanun taslamasynyň howandary Ed Roýs aýtdy.

Emma Wekiller öýüniň baş demokraty, azlygyň lideri Nancy Pelosi 12-nji iýulda demokratlary bu kanuna garşy ses bermäge çagyrdy. Sebäbi demokratlar bu kanunyň ýadro ylalaşygyny puja çykarmagy maksat edinýändigini aýdýarlar.

Ak tam 10-njy iýulda bu kanuna weto goýjakdygyny, sebäbi onuň ýadro ylalaşygyny ýok etjekdigini aýtdy. Şeýle-deAk tam özüniň Eýranyň ýadro programmasynyň diňe parahatçylykly maksatly bolmagyny üpjün etmäge ygrarly bolup galýandygyny belledi.

Kongres synçylary bu kanunyň, Wekiller öýünden geçirilen halatynda hem, Senatda utuş gazanmak üçin ýeterlik ses aljaga meňzemeýändigini aýdýarlar. Bu kanunyň weto goýulmakdan sowulmagy üçin iki palatada hem sesleriň üçden ikisini almagy zerur.

Käbir syýasy analitikleriň pikirine görä, respublikanlar esasan geljek hepde bolmaly milli konwensiýanyň öňündenözlerini görkezjek bolýarlar. Sebäbi bu konwensiýada milliarder Donald Trampyň partiýanyň resmi kandidaty hökmünde resmi saýlanmagyna garaşylýar.

Tramp, eger-de noýabrdaky saýlawlarda ýeňiş gazansa, ýadro ylalaşygyny togtatmagy wada berdi. Onuň garaşylýan garşydaşy, demokratlaryň prezidentlige kandidaty bolmaly Hillari Klinton Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyny goldaýar.

XS
SM
MD
LG