Sepleriň elýeterliligi

Leniniň kölegesindäki "durmuş"


Meksikan hudožnigi Sitia Guterres Kiýewde, Leniniň heýkeliniň ýykylan ýerinde "Kölegede ýaşaýanlar" atly sergi açdy. 9-njy iýul, 2016

Meksikan hudožnigi Sitia Guterres Kiýewde, Leniniň heýkeliniň ýykylan ýerinde "Kölegede ýaşaýanlar" atly sergi açdy. 9-njy iýul, 2016

Andreý Turçenko 1990-njy ýyllarda, Sowet Soýuzy darganydan birki ýyl soň, kakasy Kiýewiň Taras Şewçenko bulwarynda oturdylan Wladimir Lenin heýkeliniň ýanyna getirende, ýedi-sekiz ýaşly oglandy.

Kakasy oňa bolşewikleriň lideriniň yzynda galan mirasy barada düşünje bermekçi bolupdy.

"Ol geçmişi küýseýärdi" diýip, Turçenko ýatlaýar.

Şu hepde Turçenko özüniň bäş ýaşly ogly Oleksandr bilen, täzelenen taryh sapagy üçin, leniniň heýkeliniň uzak wagt duran ýerine geldi. Heýkel, Ukrainanyň 2003-nji ýylda bolan Ýewromaýdan rewolýusiýasynyň protestçileri tarapyndan ýykylyp aýrylypdy. Onuň 67 ýyllap üstünde duran dikeji bolsa boş durdy.

Emma bu ýerde guralan wagtlaýyn sungat sahnasynyň merdiwanlary adamlaryň bu dikejiň üstüne çykmagyna mümkinçilik berýär. Netijede, ukrainalylar Leniniň duran ýerinde durup görmek «bagtyna» eýe bolýarlar.

"Men Saşa Leniniň bu ýerde bolmazlygynyň Ukrainanyň azat bolandygyny aňladýandygynyaýtdym" diýip, Turçenko gürrüň berýär.

Olar bu azatlygy gutlamak üçin özleriniň suratyny aldylar.

Meksikan hudožnigi Sitia Guterresiň «Kölegede ýaşaýanlar» diýlip atlandyrylan sergisi, onuň öz sözleri bilen aýdylanda,«boýna dakylan hatyra, synan sistema, boşluk, kimlik we eýelenen meýdan» barada çekişme gozgamagy niýet edinýär.

Medeni inisiatiwalar üçin Izolýasiýa merkezi, 2014-nji ýylda turan söweşden soň Donetskden Kiýewe geçirilen sungat kollektiw tarapyndan guralan sergi hepdäniň aýagyna çenli dowam eder.

Bu «Sosial şertnama» atly has uly serginiň bir bölegi bolup, jemgyýetçilik simwollary hakynda çekişme döretmegi maksat edinýär. Bu sergi Kiýewdäki Izolýasiýa merkezinde 24-nji awgusta çenli dowam edýär.

Hökümete garşy we Ýewropa tarapdar protestçiler 2013-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Leniniň ýadygärligini ýykyp, ony ýekedaban bilen böleklere böldüler. Bu waka aprelde Orsýet bilen ýaranlykdaky prezidenti iş başyndan gitmäge mejbur eden maýdan protestlerinden soň boldy.

Leniniň ýykylmagy ukrainalylaryň köpüsi üçin Kiýewiň Moskwanyň uzak saklanan täsirini ret etmeginiň, şonuň bilen birlikde ukrian raýatlarynyň öz ykballaryny özleriniň kesgitlemegine hukuk gazanmagynyň bir simwoly boldy.

Bu ýagdaý «Leninopad» diýip at alan hereketiň, ýagny Leniniň heýkelleriniň tutuş ýurt boýunça ýykylyp başlanmagynyň başyny başlady. Şondan bäri, Lenin heýkelleriniň ýykylyşyny hasaplaýan Leninstatues.ru neşiriniň maglumatyna görä, Leniniň Ukrainada azyndan 1,221 heýkeli ýykyldy.

Ýykylan Lenin. Kiýew, 8-nji dekabr, 2013

Ýykylan Lenin. Kiýew, 8-nji dekabr, 2013

Leniniň heýkelleriniň ýykylyp aýrylmagy Ukrainanyň «kommunistsizlenmek» baradaky gapma-garşylykly syýasatynyň bir bölegi bolup, Maýdan protestlerinden soň ýurdy Sowet geçmişinden azat etmek tagallalaryny öz içine alýar.

Bu tagalla onlarça şäheriň, skwerleriň we köçeleriň atlarynyňtäzelenmegini, binalardan we desgalardan orak we çekiç ýaly kommunist simwollarynyň aýrylmagyny hem öz içine alýar.

Emma bu ýagdaý bilen o diýen ylalaşmaýan adamlar-da az däl. Gündogar Ukrainada köp adam, hususan-da Sowet Soýuzyndan razy bolan pensionerler, taryhy taýdan Orsýete has golaý duransoňlar, öz geçmişleriniň ýok edilmeginden alada bildirdiler.

XS
SM
MD
LG