Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Radiogepleşikler boýunça baş edarasynyň ýolbaşçysy Orsýete goýberilmedi


Jeff Şell

Jeff Şell

ABŞ-nyň Radiogepleşikler boýunça dolandyryjylar geňeşiniň (BBG) başlygy Jeff Şell Moskwanyň Şeremetýewo aeroportunda saklandy we wizasynyň bolmagyna garamazdan onuň Orsýete barmagyna rugsat berilmedi.

“NBCUniversal Filmed Entertainment Group” atly toparyň başlygy Şelliň 13-nji iýulda gije Pragadan Moskwa uçarly baran badyna Orsýetiň howpsuzlyk resmileri tarapyndan tussag edilendigini BBG habar berdi.

Şelliň “The New York Times” neşrine aýtmagyna görä, ol ençeme sagatlap gulp astynda saklanypdyr we Moskwanyň wagty bilen daňdan sagat bäş töwereginde KLM howa şirketiniň Amsterdama barýan uçaryna alnyp barylypdyr.

Şelliň öz kärdeşlerine aýtmagyna görä, aeroportuň häkimiýetleri onuň “Orsýete barmagynyň hemişelik esasda gadagan edilýändigini aýdyp, munuň “ömürlik” gadagançylykdygyny” mälim edipdirler.

BBG-niň resmileri ýagdaýy maslahat etmek üçin ABŞ-nyň Moskwadaky ilçisi Jon Tefft bilen duşuşdylar.

Jeff Şelliň Orsýete barmagyna rugsat berilmezligi Waşingtonyň we Moskwanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň gowşan döwrüne gabat geldi.

BBG ABŞ-nyň harby bolmadyk ähli radiogepleşiklerine, şol sanda Moskwada edarasy bolan AÝ/AR-nyň Rus gullugynyň işine gözegçilik edýär.

XS
SM
MD
LG