Sepleriň elýeterliligi

'Türkmengaz' Galkynyşy özleşdirmek işini tizleşdirýär


Gaz çykaryjy abzallar, "Galkynyş"

Gaz çykaryjy abzallar, "Galkynyş"

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Galkynyş” gaz ýatagyny özleşdirmek işini tizleşdirmegine garaşylýar.

Tükmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň maglumatyna görä, gaz ýatagyndaky burawlaýyş işleriniň depgini Hytaýda satyn alnan ZJ-70DBS buraw gurallarynyň ulanylmagy arkaly güýçlendiriler.

“Täze skwažinalaryň işe girizilmegi gaz önümçiliginiň möçberiniň, planlaşdyrylyşy ýaly, mundan beýläk-de artdyrmaga mümkinçilik berer” diýlip, Nebit we gaz ministrliginiň beýannamasynda bellenýär. Maglumatda “Galkynyşyň” ulanylýan ähli skwažinalarynyň öz ýokary önümçiligi bilen tapawutlanýandygy we olaryň diňe biriniň önümçilik ukybynyň bir gije-gündizde 1 million 700-den iki million kubometre ýetýändigi bellenilýär.

2006-njy ýylda Mary welaýatynda Ýolöten şäheriniň golaýynda açylan “Galkynyş” gaz ýatagyny “Türkmengaz” döwlet konserni özleşdirýär.

Türkmenistan “Galkynyş” gaz ýatagynyň käbir böleklerini abadanlaşdyrmak we abzallaşdyrmak boýunça Hytaýyň СNPC we Ýaponiýanyň birnäçe kompaniýasy bilen şertnama baglaşyldy.

Britaniýanyň ”Gaffney, Cline & Associates” guramasy “Galkynyşyň” gaz zapaslarynyň möçberini 21.2 trillion kubometre barabar diýip kesgitleýär.

TOPH-yň resurs çeşmesi

Türkmenistan “Galkynyş” gaz ýatagynyň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisiniň gurluşygynyň başlangyç tapgyrynda resurs çeşmesi bolup durýandygyny aýdýar.

Uzynlygy 1800 kilometrlik TOPH gazgeçiriji arkaly ýylda 33 milliard kubometr türkmen gazyny akdyrmak göz öňünde tutulýar.

Energiýa boýunça halkara bilermenler Türkmenistanda häzirki wagtda öndürilýän gazyň möçberiniň ýurduň köpugurly eksport talaplaryny ödemek üçin ýeterlikdigini belleýärler.

“Natural Gas Europe” analiz merkeziniň strategiýa boýunça müdiri we baş analitigi Jon Roberts şeýle diýýär: “Türkmenistanda eýýäm çakdanaşa köp möçberde gaz bar. Öndürilýän gaz resurslarynyň möçberi Hytaýy we Ýewropany geljekki onlarça ýylyň dowamynda gaz bilen üpjün etmek üçin ýeterlik. Ýurduň zerurlyklary barada aýdylanda, olara gaz zapaslaryna degili programmalar we gazy bazarlara çykarmak boýunça infrastruktura gerek”.

Käbir maglumatlarda 2009-njy ýylda “Galkynyşda” 40 milliard kubometr gazyň öndürilendigi habar berildi.

Türkmenistanyň nebit-gaz ministrliginiň resmi maglumatynda TOPH proýektiniň oňa gatnaşýan ýurtlaryň, şeýle-de tutuş regionyň durnukly ösüşi üçin energiýa üpjünçiligi taýadan ähmiýetilidigi nygtalýar.

“Uly problema”

Jon Roberts gurluşygynyň düýbi tutulan TOPH proýektiniň Türkmenistan üçin “uly problema” döredýändigini aýdýar.

“Türkmenistanyň öz serhetleriniň daşynda uly proýektleri amala aşyrmak we dolandyrmak boýunça tejribesi ýok. Olar bu ugurdan howpsuzlyk bilen bagly çylşyrymly şertler, şeýle-de 10 milliard dollar möçberdäki proýektiň amala aşyrylmagy üçin maýa goýujylary tapmak problemasy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Sebäbi islendik iri kompaniýa, gazyň önümçiliginden başlap, Hindistanda satylmagyna çenli ähli tapgyrlaryň başa barjagyna kepillik isleýärler. Häzirki pursatda Owganystanyň üstünden geçjek gazgeçirijiniň gözegçiligine degişli töwekgelçilikler Ekson Mobil, Şewron ýaly kompaniýalaryň proýekte gatmaşmagyna päsgel berýär” diýip, Jon Roberts aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistan TOPH proýketiniň öz giňişliginden geçýän böleginiň gurluşygyny öz hasabyna amala aşyrýar. Gazgeçirijiniň ýurduň Owganystan bilen serhedine çenli 214 kilometrlik böleginiň gurluşygynyň 2018-nji ýyla çenli tamamlanmagyna garaşylýar.

2016-njy ýylyň iýun aýynyň başynda Türkmenistan gazgeçirijiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin 45 million dollar möçberde pul serişdesini çykarýandygyny yglan etdi.

Proýektiň umumy bahasy 7.9 milliard amerikan dollary möçberinde diýlip kesgitlenýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG