Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň döwlet sekretary Moskwa barýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri “Yslam döwleti” toparyna garşy harby hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etmek üçin Moskwa barýar. ABŞ Orsýetden we Siriýadan täze hökümete tarap syýasy geçişe başlamagy isleýär, diýlip 13-nji iýulda media maglumatlarynda aýdyldy.

Kerri Orsýete iki günlük saparyna 14-nji iýulda başlaýar. Siriýada dowam edýän graždan uruşy we Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň ykbaly, şeýle-de Ukrainadaky krizis Moskwadaky gepleşikleriň üns merkezinde bolar.

“The Washington Post” neşriniň 13-nji iýulda habar bermegine görä, Kerri YD toparyna we “Al Kaýdanyň” Siriýadaky ýarany “Al-Nusra” frontuna garşy göreşde hyzmatdaşlyk etmek barada teklibi öňe sürmekçi.

“ABŞ howa kampaniýasyny sazlaşdyrmak boýunça ýolbaşçylyk we gözegçilik boýunça täze harby edarasyny teklip edýär, onda ABŞ-nyň we Orsýetiň harby ofiserleri, aňtaw resmileri we degişli bilermenler ýerleşdiriler”, diýip neşir belleýär we “Birleşdirilen ýerine ýetiriji toparyň Ammanyň golaýynda Iordaniýada ýerleşdiriljekdigi” habar berilýär.

XS
SM
MD
LG