Sepleriň elýeterliligi

Owganystanyň 'Talyban' bilen gepleşikler boýunça plany ýok


Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani owgan parlamentinde "Talyban" barada çykyş edýär, Kabul. 2015

Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani owgan parlamentinde "Talyban" barada çykyş edýär, Kabul. 2015

Owganystanyň prezidentiniň edarasy häzir “Talyban” bilen parahatçylyk ugrunda gepleşiklere tiz başlamak boýunça planynyň ýokdugyny aýtdy.

AP habar agentliginiň maglumatyna görä, prezident Aşraf Ghaniniň metbugat-wekili Haroon Çahansuri “Talyban” bilen gepleşige başlamak umydy bilen döredilen dört ýurdy öz içine alýan toparyň duşuşyk geçirmek boýunça hiç hili planynyň ýokdugyny 14-nji iýulda aýdypdyr.

Owganystany, Pakistany, Hytaýy we ABŞ-ny öz içine alýan topar şu ýylyň dowamynda Pakistanda we Owganystanda bäş gezek duşuşypdyr.

Emma “Talybanyň” wekilleri duşuşyklara gatnaşmakdan ýüz öwüripdir.

Ghani Yslamabady “Talybanyň” liderlerine pena bermekde aýyplaýar. Pakistanyň resmileri bu aýyplamalary ret edýärler.

Ghani 2014-nji ýylda döwlet başyna geçende “Talyban” we onuň ýarany “Hakkani” topary bilen parahatçylygy gazanmak ugrunda hereket etmegi wada beripdi.

XS
SM
MD
LG