Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Azerbaýjanyň we Ukrainanyň prezidentleri gepleşik geçirdiler


Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew (s) we Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko (ç)

Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew (s) we Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko (ç)

Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew we Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko 14-nji iýulda Bakuda gepleşik geçirdiler.

Poroşenko 2014-nji ýylda prezident bolaly bäri Azerbaýjana birinji gezek sapar edýär.

Iki ýurduň liderleri syýasy, ykdysady, energiýa we transport ugurlary boýunça meseleleri maslahat ederler we birnäçe ikitaraplaýyn ylalaşyga gol çekerler, diýip Azerbaýjanyň prezidentiniň resmi websaýtynda habar berildi.

Şeýle-de Poroşenkonyň Azerbaýjanyň premýer-ministri Artur Rasizade we ýurduň parlamentiniň spikeri bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Ukrainanyň prezidenti Azerbaýjanyň uly bolmadyk etnik ukrain jemgyýetiniň agzalary bilen duşuşar.

XS
SM
MD
LG