Sepleriň elýeterliligi

Halk döredijiligi adamlaryň, milletleriň ruhy gatnaşygynyň bir nusgasy saýylýar. Olar esasan şol bir hyzmaty berjaý edýärler hem many-mazmun babatynda ýakyn bolýarlar.

Durmuşdaky meňzeşlik

Bu aslynda durmuşyň meňzeşliginden gelip çykýan bolsa gerek. Adamzat takdyry şeýle guralypdyr, olaryň ykballary, gün-güzeran aladalary, durmuş şertleri özara golaý baglanyşykda gurlupdyr.

Halk döredijiligini öwrenijileriň arasynda şeýleräk çaklama bar; hamana dünýäde kyrk çemesi orginal erteki bolup, her millet ony özüçe özgerdip aýdýarmyş. Elbetde, sýužetleriň original sany barada takyk pikir aýtmak kyn, ýöne olaryň arasynda meňzeşligiň bardygyny mydama ykrar edýärler. Dünýäde hiç bir arassa diliň ýa-da arassa medeniýetiň ýokdugy-da aýdylýar.

Meňzeşligiň bolmagy tebigy zat. Adamlar arasynda ykdysady gatnaşyklaryň dowam eden wagtynda, syýahatlara, baryp-gelişmäge mümkinçilik bolanda, pikir-ideýa gatnaşyklary-da dowam edipdir.

Halk dilindäki rowaýatlara ýa-da tymsallara üns bersek, ol biziň ýakyn töweregimizde, şu golaýda bolup geçen ýaly. Ýöne Jelaleddin Rumyny we başgalary okasaň, onuň has öňräk, özem başga milletlerde bolandygy aýdylýar.

Aýratynlyk

Şol wagtyň özünde, her halkyň öz milli halk döredijiligi bar. Olar muny öz dillerinde, ýerli şertlere laýyk edýärler. Halk döredijiligi milli häsiýete eýe bolmasa, ol şol milletiň dilinde hem hakydasynda ýaşap bilmeýär.

Aýratynlyk owaly ýerli şertler esasynda döreýär. Millet daglyk ýerlerde ýaşaýan bolsa, şoňa laýyk halk döredijiligi bolar, düzlükde, sähralarda ýaşaýanlarda başgarak erteki-nakyllar emele geler.

Aýratynlygy döredýän beýleki bir şert ol milletiň taryhy bilen baglanyşykly.

“Türkmen halk nakyllary” ady bilen 2005-nji ýylda çykan saldamly neşiriň 152-167-nji sahypalarynda at bilen baglanyşykly 120 çemesi nakyl bar ekeni.

Şahyrana nakyllar

Şeýle aýratynlygy pars nakyllarynda-da görýäris. Pars dilinde örän şahyrana nakyllar bar. Bu şol dildäki poeziýanyň täsirinden bolsa gerek.

“Behistun dagyny ýaran söýgi,

şöhrady bolsa Perhadyňky”

Bu nakylda biz Perhat hem onuň söýgülisi Şirin baradaky meşhur rowaýaty hem ol barada ýazylan eserleri ýatlaýarys.

“Her gurrukdan Ýusup çykmaz” diýen nakylda, Ýusup pygamber ýadymyza düşýär. Doganlary ony “böri iýdi” diýip, bir gurruk guýa taşlapdylar.

«Leýlä Mejnunyň gözi bilen gara» diýen nakylyň hem meşhur rowaýat bilen baglydygy belli.

Beýleki bir tarapdan, ol nakyllar bize çeper edebiýaty, taryhy hem rowaýata öwrülen wakalary ýatladýar.

Aslynda nakyllaryň bary şahyrana. Olar şeýle bolmasa, ýatda galmazdy.

Pars nakyllaryndan birnäçe mysal.

Bilbiller dymanda, eşek aňňyrar.

Bir binamaz üçin metjit ýapylmaz.

Dar we münber – ikisi-de bir agaçdan ýasalýar.

Döwleti – baýlygy eşege berdiň, hormaty – ite,

Bizi näme üçin ýaratdyň? Olary görmek üçinmi?

Dünýäniň gapysy hemişe bir tarapyna açylyp durmaz.

Düýeguşa aýdypdyrlar: “Ýük çek!”

“Men – guş” diýipdir. Onda: “Uç!” diýseler,

“Men düýe” diýipdir.

Eşek şol öňki eşek-le, ýöne palany başga.

Gorky – ölümiň doganydyr.

Göz görse, göwün istär.

Howuz gurup bilseň, gurbaganyň özi geler.

Iki ýylan bir hinden çykan bolsa, olaryň biri türki, beýlekisi parsy geplemez.

Kesip bolmaýan eli ogşamak lazym.

Munça eşegiň bolunda, biz näme pyýada!

Ogry ogrudan ogurlar, Hudaýyň olara gülküsi tutar.

Ogry şowhunly bazary söýer.

Ömür hoş zat, arman soňy boş.

Patyşanyň ýeňsesinden atasy bolar.

Samsyk bol, seniň gamyňy akyllylar etsin.

Serdaryň çyrasam daňdana çenli ýanyp durmaz.

Sözüň gözelligi gysgalygynda.

Tamtamyň sesi uzakdan gowy eşidilýär.

Tutulmadyk ogry – patyşadyr.

Ussadyň taýagy güldür,

ony datmadyk güňdür.

Taýýarlan hem terjime eden Hudaýberdi Hally.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG