Sepleriň elýeterliligi

Gadymy Şahrisabz howp astyndaky ýerleriň sanawyna goşuldy


Özbegistanyň gadymy medeni merkezi Şahrisabz

Özbegistanyň gadymy medeni merkezi Şahrisabz

BMG-niň Dünýä mirasy boýunça komiteti Özbegistanyň medeni merkezi Şahrisabzy howp astyndaky we goralmaga mätäç dünýä derejesinde ähmiýetli ýerleriň sanawyna goşdy.

Komitetiň 13-nji iýulda aýtmagyna görä, ol gadymy şäheriň böleklerinde syýahatçylyk infrastrukturasyny gurmak üçin taryhy binalaryň ýumrulmagyna aladalanýar. Komitet myhmanhanalaryň we beýleki döwrebap binalaryň gurluşygynyň “taryhy Şahrisabsyň görküne öwezini dolup bolmajak täsir ýetirýändigini” belledi.

BMG-niň Dünýä mirasy boýunça komiteti UNESCO-dan şähere ýetirilen zeperiň möçberini anyklamak üçin missiýany ýollamagy we ýagdaýa görä dikeldiş çäreleri teklip etmegi sorady.

Taryhy Şahrisabz günorta Özbegistanda Ýüpek ýoluň ugurnda ýerleşýär. 2000 ýyllyk taryhyna eýe bolan şäher 14-15-nji asyrlarda Keş regionynyň medeni we syýasy merkezi bolupdy.

XS
SM
MD
LG