Sepleriň elýeterliligi

logo-print

BMG: Gündogar Ukrainada adamlaryň öldürilmegi jogapsyz galdy


Gündogar Ukrainanyň Izýum şäheriniň golaýyndaky barlag-geçiş nokady

Gündogar Ukrainanyň Izýum şäheriniň golaýyndaky barlag-geçiş nokady

BMG-niň adam hukuklary boýunça hasabatynda gündogar Ukrainada separatist söweşijileriň we ukrain esgerleriniň eden-etdilikli adam öldürmeleri we gynamalary barada “çäkli hasabat” berlendigini aýtdy.

“Adamlaryň öldürilmegi aýylganç derejede jogapkärçiliksiz galýar we ýagdaýyň saklanmagyna we adalatyň depelenmegine ýol açýar” diýlip 14-nji iýulda BMG-niň Adam hukuklary boýunça Baş komissarynyň edarasynyň hasabatynda aýdylýar (OHCHR).

Hasabat Ukrainanyň Donbas regionynda 2014-nji ýylyň aprel aýynyň we 2016-njy ýylyň maý aýynyň aralygynda 9400 adamyň ölümini derňemek boýunça geçirilen barlaglara esaslanylýar.

BMG-niň derňewçileri orsýetçi separatistleriň, Ukrainanyň harbylarynyň, polisiýa güýçleriniň we meýletinçi söweşijiler toparynyň adam öldürmegi barada subutnamalary topladylar.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça Baş komissarynyň edarasy raýatlaryň ölümi bilen bagly käbir wakalara “uruş jenaýatçylygy” hökmünde seredilmelidigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG