Sepleriň elýeterliligi

Merkel Gyrgyzystana "taryhy sapar" etdi


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Gyrgyzystana sapara geldi.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Gyrgyzystana sapara geldi.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel 13-nji iýulda, iki günlük resmi sapar bilen Gyrgyzystana geldi. Gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew ony «Manas» uçar meýdanynda, uçardan düşen ýerinde garşy aldy.

Atambaýew 14-nji iýulda ýurduň döwlet rezidensiýasynda bolan duşuşykda german kansleriniň gyrgyz topragyna ilkinji gezek gelmeginiň«taryhy ähmiýetini» belledi.

Merkel Gyrgyzystanyň öz demokratiýasyny gurýandygyny belläp, bu ýol-ýodanyň Berlin bilen Bişkegiň arasyndaky gatnaşyklaryň berkemegine alyp gelýändigini aýtdy.

Merkel Gyrgyzystanyň golaýda etniki özbek aktiwisti, gapma-garşylykly ömürlik tussaglyga höküm edilen Azymjan Askarowyň işine gaýtadan seretmek barada gelen kararyny gutlady. Ol 2010-njy ýyldaky gozgalaň mahalynda etniki agzalalygy öjükdirip, polisiýa ofiseriniň ölümi bilen ilteşiklilikde günäli tapyldy. Merkel Askarowyň indi has adalatly sud ediljekdigine umyt bildirdi.

BMG-niň ekspertleri, ýerli we halkara hukuk aktiwistleri Askarowa çykarylan hökümi ýazgaryp çykyş etdiler. Askarowyň aklawçysy bolsa, oňa çykarylan hökümiň mejbury boýun aldyrmalara we beýleki basyş çärelerine esaslanýandygyny aýtdy.

Gyrgyzystanyň Ýokary sudy 12-nji iýulda Askarowyň işini, gaýtadan seretmek we täzeden sud etmek üçin, oblast suduna iberdi.

Merkeliň gapdalynda durup, žurnalistleriň öňünde çykyş eden Atambaýew Gyrgyzystanyň, Askarowyň gaýtadan sud edilişine syn etmekleri üçin, halkara gözegçilerini, şol sanda Germaniýanyň synçylaryny hem ýurda çagyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Atambaýew Gyrgyzystanyň halkara hukuk toparlarynyň Askarowy türmeden boşatmak barada eden çagyryşlaryny «nazara alandygyny» aýtdy. Ýöne ol bu «nazara almagyň» Askarowyň boşadylmagy barada bolman, eýsem, onuň hukuklarynyň bozulandygy, suduň düzgün bozmalar esasynda geçirilendigi barada aýdylýanlar bilen baglydygyny belledi.

Gyrgyz prezidentiniň sözlerine görä, Çuý oblast sudunda hut şol aýdylýan düzgün bozmalara serediler.

Iki lider özara duşuşykda yslam ekstremizmi meselesini hem ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýtdylar.

"Biz yslam, hususan-da yslamlaşdyrma, radikal yslamyň wagyz edilmegi babatda hem gürrüň etdik" diýip, Merkel aýtdy."Biz mümkin boldugyndan ýerli ymamlary terbiýeläp ýetişdirmek barada hem bir pikire geldik."

Merkel dini bilim alýan çagalara okadylýan, öwredilýän zatlaryň hem açyk-aýdyň bolmalydygyny belledi.

German lideri prezident Atambaýew bilen duşuşykdan soň dini we etniki liderler bilen hem duşuşdy.

Merkel, Gyrgyzystandan soň, demokratik özgerişleri bilen tanalýan Mongoliýa hem sapar eder. Şonuň bilen bir wagtda, german lideri Gyrgyzystana garanda has uly ykdysadyýeti bolan Gazagystan, Özbegistan ýaly ýurtlardan sowlup geçer.

Gyrgyzystan bir zaman etniki germanlaryň hem köplük bolup ýaşan ýurdudyr, emma Sowet Soýuzy darganyndan soň, olaryň köpüsi Germaniýa we beýleki ýurtlara göçüp gitdi. Häzir Gyrgyzystanda diňe 9,400 çemesi german ýaşaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG