Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Al-Sadr köpçülikleýin demonstrasiýalary geçirýär


Yrakda Al-Sadr köpçülikleýin demonstrasiýalary geçirýär.

Yrakda Al-Sadr köpçülikleýin demonstrasiýalary geçirýär.

Yragyň hökümeti ünsi “Yslam döwleti” atly terroristik topara garşy göreşmäge gönükdirmek üçin protestleri bes etmäge çagyryş edýän mahaly, birnäçe müň adam Bagdadyň merkezinde demonstrasiýalaryny dowam etdirýär.

Ruhany Moktada al-Sadryň aglabasy şaýylardan ybarat tarapdarlary 15-nji iýulda demonstrasiýa geçirip, hökümeti reformalary çaltlaşdyrmaga we korrupsiýa garşy göreş tagallalaryny güýçlendirmäge çagyrdylar.

Olar premýer-ministr Haýdar al-Abadiniň mundan birnäçe aý öň beren wadasynda tapylman, ýurduň Ministrler kabinetinde üýtgetmeleri amala aşyryp bilmäni üçin gahar-gazap bildirdiler.

3-nji iýulda 292 adamynyň ölümine sebäp bolan güýçli bomba hüjüminden bäri Bagdatda dartgynlylyklar dowam edýär. Şol hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” atly topar öz üstüne alypdy.

XS
SM
MD
LG