Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri, Lawrow gepleşikleri geçirýärler


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri we onuň orsýetli kärdeşi Sergeý Lawrow. 15-nji iýul, 2016 ý.
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri we onuň orsýetli kärdeşi Sergeý Lawrow. 15-nji iýul, 2016 ý.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Fransiýanyň Nise şäherinde bolan hüjümi “ýowuz gyrgynçylyk” diýip ýazgardy we häzirki wagtda Siriýanyň dünýäde “terroristleriň ojagydygyny” aýtdy.

Kerri bu barada 15-nji iýulda orsýetli kärdeşi Sergeý Lawrow bilen gepleşiklere başlamazdan ozal belledi.

Şeýle-de, Kerri mundan bir gün ozal rus prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren gepleşikleriniň “öndümli” bolandygyny nygtady.

Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow hem 15-nji iýulda Moskwada çykyş edip, Putin bilen Kerriniň Siriýada gönüden-göni harby hyzmatdaşlyk ähtimallygy barada gepleşikleri geçirmändigini aýtdy.

“Olar hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça maslahat etdiler” diýip, Peskow belledi.

Lawrow Kerri-Putin duşuşygynyň “şowly” bolandygyny aýdyp, “düýn başlanan gepleşikleri dowam etdirmegiň” möhümdigini nygtady.

XS
SM
MD
LG