Sepleriň elýeterliligi

Mongoliýada Aziýa-Ýewropa sammiti geçirilýär


Mongoliýanyň paýtagty Ulan Batorda Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew 11-nji Aziýa-Ýewropa sammitine gatnaşýar. 15-nji iýul, 2016 ý.

Mongoliýanyň paýtagty Ulan Batorda Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew 11-nji Aziýa-Ýewropa sammitine gatnaşýar. 15-nji iýul, 2016 ý.

Irlandiýadan başlap Indoneziýa çenli aralykdaky ýurtlaryň liderleri Mongoliýanyň paýtagty Ulan Batorda geçirilýän sammite gatnaşýarlar. Bu sammite Fransiýanyň Nise şäherinde amala aşyrylan we 80-den gowrak adamynyň ölümine sebäp bolan hüjüm kölege saldy.

Her iki ýylda bir gezek geçirilýän Aziýa-Ýewropa toparynyň sammiti 15-nji iýulda liderleriň Fransiýa hüjüminde pida bolanlaryň hormatyna bir minutlyk dymyşlyk yglan etmegi bilen başlandy.

Şu ýyl 20-nji ýyl dönümini belleýän sammitiň esasy gün tertibini terrorizme garşy göreşmek tagallalary düzýär.

Bu sammitiň çäginde liderler ençeme ugurlar, şol sanda howaýollary we söwda pudagy boýunça hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň global sistemalaryny güýçlendirmäge çalyşýarlar.

XS
SM
MD
LG