Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pentagon: “Omar çeçen” geçen hepde öldi


“Yslam döwleti” atly toparyň ýokary derejeli komandiri Omar al-Şişani.
“Yslam döwleti” atly toparyň ýokary derejeli komandiri Omar al-Şişani.

Pentagon “Yslam döwleti” atly toparyň şu ýylyň başynda öldürilendigine ynanylýan ýokary derejeli komandiri geçen hepdäniň ahyrynda Mosul şäheriniň golaýyna edilen howa zarbasynda ölen bolmagy ähtimal diýýär.

Pentagonyň metbugat sekretary Peter Kukyň (Peter Cook) 14-nji iýulda beren maglumatyna görä, Birleşen Ştatlar Omar al-Şişaniniň, 10-njy iýulda “Yslam döwleti” atly toparyň 16 sany lideri bilen duşuşýan mahaly, edilen hüjümde öldürilip-öldürilmändigini tassyklamaga çalyşýar.

Mart aýynda gyzyl sakgally we rus lakamly “Omar çeçeniň” howa zarbasynda alan şikesinden soň, aradan çykandygy öňe sürülse-de, Kuk ýakynda Birleşen Ştatlaryna Omaryň ölmändigi we onuň 10-njy iýuldaky ýygnakda bar bolan bolmagynyň mümkindigi barada maglumatlar gelip gowuşdy diýdi.

XS
SM
MD
LG