Sepleriň elýeterliligi

Arap aýal kinorežissýorlary kimler?


Arap kino sungatynyň zenan kinorežissýorlary.

Arap kino sungatynyň zenan kinorežissýorlary.

Soňky ýyllarda dünýä kinosynda aýal kinorežissýorlaryň götergilenmegi ýörgünli ýagdaýa öwrüldi. Ylaýta-da meşhur kinofestiwallarda, halkara kino çäreleriniň hem hemmesinde diýen ýaly muňa aýratyn üns berilýär we aýal kinorežissýorlaryň döredijiliginiň halk köpçüligine has täsirli ýetirilmegi üçin ýörite bölümler döredilip, olaryň eserleri aýratynlykda hödürlenýär. Meselä bu nukdaýnazardan çemeleşilen mahaly, aýratynam dünýäniň iň dartgynly sebiti bolan arap ýurtlaryndaky aýal kinorežissýorlar hemmeleriň ünsüni özüne çekýär.

PALESTINA

Palestinada kino sungaty diňe bir adaty kino däl. Olaryň kinosynda esasy rollary - urşujylyk, batyrgaýlyk, söweş, zyňylýan daşlar, sapanlar, tanklar, esgerler, ýumrulan jaýlar, ölen çagalar oýnaýar. Şonuň üçinem Palestinanyň kinematografiýasyny üç ugra bölmek mümkin:

Söweşden gaçan bosgunlaryň döreden palestin diasporasynyň kinosy:

Muhammet Bakriniň bosgunlar düşelgesini tema edinip alan "Jenin, Jenin" atly kinofilminiň afişasy.

Muhammet Bakriniň bosgunlar düşelgesini tema edinip alan "Jenin, Jenin" atly kinofilminiň afişasy.

​Bosgunlar düşelgelerinde dörän palestin kinosy: Bu ugurda režissýor Muhammet Bakrininiň 2002-nji ýylda surata düşüren "Jenin, Jenin" atly kinofilmini mysal görkezmek bolar. Jenin atly bosgun düşelgesinde bolan gyrgynçylygy suratlandyrýan kinofilm, wakanyň şaýatlarynyň ýatlamalary esasynda surata düşürilipdir.

Ysraýylyň raýaty bolup, palestina kinomatografiýasyna goşant goşýanlaryň döreden palestina kino sungaty ugry:

Mustafa Abu Aliniň tagallalary bilen döredilen, Michel Khleiffiniň goldawy bilen tanalan palestin kinosynyň bu ugry, häzirki döwürde öz ýoluna Elia Suleiman we Hany Abu-Assad ýaly režissýorlaryň filmleri bilen dowam edýär. Şeýle-de olaryň arasynda zenan kinematografiýaçylaryň sany hem günsaýyn köpelýär.

2013-nji ýylda gabaw astynda bolan Gazada "Palestinada zenan bolmak" atly kinofestiwal gurnaldy. Gazada iş alyp barýan Zenan tagallalary merkezi tarapyndan gurnalan ol kinofestiwalda aglaba köpçüligi palestinaly bolan 23 sany zenan režissýoryň kinofilmleri halk köpçüligine tanadyldy. Köpüsi gysgametražly bolan ol filmlerde Palestinada zenan bolmagyň kynçylyklaryna we zenanlaryň döredijilik ukyplaryna aýratyn üns çekilýär.

Palestinaly aýal režissýor Annemarie Jacir

Palestinaly aýal režissýor Annemarie Jacir

1979-njy ýylda dünýä inen Annemarie Jacir, iň gowy tanalýan palestinaly aýal režissýorlaryň biridir. 1998-nji ýylda özbaşyna garaşsyz ýagdaýda kinofilmleri surata düşürip başlan Jacir, "Filmmaker Magazine" tarapyndan garaşsyz kinonyň 25 täze şahsyýetinden biri diýlip saýlandy. Ol, "Bu deňziň duzy" (”Milh Hadha al-bahar” 2008), ilkinji dolymetražly kinofilm), "Seni görende" ("Lamma shoftak", 2012) atly dolymetražly filmleriň režissýorydyr. Onuň "Seni görende" atly filmi 1967-nji ýyldaky uruşdan soň öz ýurduny terk etmäge mejbur bolan palestinalylaryň Iordaniýadaky bosgunlyk durmuşyny suratlandyrýar.

Annemarie Jacir "Bu deňziň duzy" filminiň traileri

SIRIÝA

Siriýa bir wagtlar sebitiň kinematografiýa taýdan öňdebaryjy ýurtlarynyň biri bolupdy. Döwletiň hemaýatkärliginde iş alyp baran Siriýa kinematografiýasynda režissýorlaryň hemmesi diýen ýaly, ýagny Omar Amiralaýdan beýlekileri, sowet kino mekdebinde tälim alypdylar.

Halkara Damask kinofilm festiwaly, bu ýurtda işleýän daşary ýurt medeni merkezleriniň gurnaýan kinofilm günleri öz döwründe sebitiň kinematografiýa bolan ünsüni hasam güýçlendiripdi.

Häzir bolsa Siriýa dünýäniň gün tertibinde öňki ýaly kinofilmleri bilen däl-de, eýse adam pidalaryny görkezýän hakyky epizodlar bilen belli. Şonuň üçinem edil häzirki wagtda kinematografiýa elýetmez bolmasa-da, gündelik durmuşyň üns merkezinden gaty daşlaşan bir sungat ugruna öwrüldi. Muňa garamazdan, siriýaly kinematografiýaçylar gaty kynçylykly şertlere döz gelip işlemäge çalyşýarlar.

Ruba Naddanyň bosgunlaryň durmuşy baradaky "Saba" atly kinosyndan bir sahna

Ruba Naddanyň bosgunlaryň durmuşy baradaky "Saba" atly kinosyndan bir sahna

Kanadada ýaşaýan siriýaly Ruba Nadda Ýakyn Gündogar bilen baglanyşykly filmleri surata düşürýär. Meselem, onuň 2005-nji ýylda alan "Saba" atly kinofilmi Kanada göçüp baran bir arap zenanynyň tapawutly medeniýetiň wekili bolan erkek bilen aradaky soýgi durmuşyny suratlandyrýar.

MÜSÜR

Arap kinematografiýasynyň kerwenbaşysy hasaplanýan müsür kinosy, ylaýta-da Ikinji jahan urşy döwründe sebitiň iň uly kinematografiýasyna we goňşy ýurtlara film eksport edýän kinofilm önümçüligi senagatyna öwrülipdi. Sebitde ýaşaýan halklar, amerika we ýewropa kinofilmleri bilen deňeşdirilende özlerine meňzeýän aktýorlaryň oýnaýan, hut olaryň hal-ahwaly barasynda söz açýan müsür kinolaryny has gowy görüpdiler. Ol döwürde müsür kinosynda zenanlar aktrisa ugry boýunça has işjeň bolup, meşhurlyk gazanypdylar. Meselem, Faten Hamama şol döwrüň tanymal aktrisalarynyň biridi. 90-dan köp kinofilmde surata düşen Hamamanyň aktrisalyk kerýerasy 1940-njy ýylda "Bagtly bir gün" atly kino bilen başlanypdy. Gaty köp ýyllap Omar Şerifiň ýanýoldaşy bolup, onuň bilen ýaşaşan aktrisa, 2015-nji ýylda dünýäden ötdi.

Müsür kinosynyň zenan režissýorlary barada söz açylanda, 1953-nji ýylda Kairde dünýä inen Inas Al-Degheidiniň filmografiýasynyň has köp drama we romantiki kinolardan ybaratdygy göze ilýär. Kino sungaty ugrunda 1990-njy ýyllarda işlemäge başlan Inas "Dantelle" (1993), "Al warda al Hamra" (1999), "Mothakerat morahkah" (2001) we beýleki birnäçe kommersial filmleriň režissýorydyr.

Tanymal filmleriň režissýory Jehane Noujaimiň 2013-nji ýylda surata düşüren "Meýdan" atly kinofilmi Tahrir meýdanynda ýüze çykan hadysalary suratlandyrýar we Oskar baýragyna hödürlenipdi.

Jehane Noujaimiň müsür rewolýusiýasy baradaky "Meýdan" kinofilminiň traileri

LIWAN

Tapawutly medeniýetleriň öý eýesi roluny oýnaýan Liwanyň kinematografiýasynyň esasy ugry sebitiň syýasy we medeni ýagdaýyna gönükdirilen. Soňky ýyllarda Liwanda tapawutly temalara gönükdirilen kinofilmleriň köpelýändigi göze ilse-de, häzirlikçe olar ýeterlik hasaplanmaýar. Ýurduň maliýe çeşmeleriniň çäkli bolmagy režissýorlary tapawutly ýollar gözlemäge iterýär. Şonuň üçinem Liwanyň režissýorlarynyň köpüsi kino sungatynda bilelikdäki döredijilige gatnaşmaga ýykgyn edýärler. Liwanda, ALBA we IESAV ýaly kino hünärini öwredýän okuw jaýlary bilen bilelikde Ghassan Slahab, Jocelyn Saab, Randa Chahal-Sabbag, Philippe Aractingi we Nadine Labaki ýaly režissýorlar depginli iş alyp barýarlar.

Liwanly režissýor Jocelyn Saab.

Liwanly režissýor Jocelyn Saab.

Jocelyn Saab 1948-nji ýylda Beýrutda dünýä inýär. Esasan dokumental filmleriň režissýory hökmünde tanalýan Saabyň işleri Ýewropanyň gaty köp telekanallarynda, ondan başga-da ABŞ-nyň NBC, Ýaponiýanyň NHK ýaly tanymal telekanallarynda tomaşaçylara hödürlenipdi. Olaryň arasynda iň köp meşhurlyk gazanany - 1995-nji ýylda surata düşürilen "Bir wagtlar Beýrut" atly kinofilmdir. Ol kinoda režissýor öz doglan şäherini tanatmak üçin diýseň täsin bir ýoly saýlap alypdy. Saab şäherde bolan üýtgeşiklikleri we wakalary Beýrutda düşürilen dokumental filmleriň üsti bilen görkezipdi. Şeýlelikde, birnäçe dokumental filmden döredilen kollažlar esasynda, döwürdeş taryh bilen janly utgaşýan postmodern aýratynlygyna eýe bir kinofilmi döräpdi.

Nadine Labaki bolsa meşhur "Karamel" (”Sukkar Banar”, 2007) atly kinofilmiň režissýorydyr. Filmde gözellik salonynda işleýän beýrutly bäş sany zenanyň durmuşy suratlandyrylýar. Režissýoryň 2011-nji ýylda surata düşüren "Indi bes edilmeli dälmi?" (”Et maintenant on va ou?") atly kinofilmi Liwanyň haçparazlar bilen musulmanlaryň bilelikde ýaşaýan bir şäherindäki zenanlaryň durmuşyna gönükdirilen. Ölen çagalarynyň ýasyny gizlin tutmaga mejbur bolan zenanlaryň mysalynda režissýor Labaki aslynda ähli uruşlarda esasy ýitgini çekýänleriň zenanlardygyny kino sungatynyň dili bilen görkezmäge synanşýar.

SAUD ARABYSTANY

25 million ilatly Saud Arabystanynda Golliwudyň kinofilmlerine has köp ýykgyn edilýär. Ýöne ýurtda kinoteatrlar ýok. 2014-nji ýylda bir bizmesmen kinoteatr açmak üçin ýüz tutan mahaly bu habar gaty aýylganç ýagdaý ýaly metbugatda uly seslenme döredipdi. Sebäbo bu ýurduň adamlary kino görmek üçin, adatça, Bahreýn we Dubaý ýaly goňşy ýurtlara gidýärler.

Saud Arabystanly režissýor Haifaa al-Mansour

Saud Arabystanly režissýor Haifaa al-Mansour

​Haifaa al-Mansour, Saud Arabystanyň diňe bir ilkinji aýal režissýory bolmak bilen çäklenmän, eýse ýurtda ilkinji doly metražly kinofilmi surata düşüren režissýordyr. Onuň "Vecide" atly kinofilmi Stambulyň kino festiwalynda üstünlikli görkezilipdi. Germaniýa bilen Saud Arabystanynyň bilelikde surata düşüren kinofilminde režissýor öz watanynda aýal-gyzlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuny özüne welosiped, ýagny tigir almaga synanyşan bir gyzjagazyň obrazy arkaly görkezýär.

TUNIS

Goňşularyna garanda biraz liberal ýurt bolan Tunisiň kinematografiýasynda häzirki döwürde ady iň köp agzalýan zenan režissýory we senaristi Leila Bouzidir. Döredijiligine "Zakaria" (2013), "Gamine" (2013), "Mkhobbi fi Kobba" (2012), "Un ange passe" (2010) atly gysga metražly kinofilmler bilen başlaan Leila, 2015-nji ýylda Tunisiň ýaşlarynyň durmuşyny suratlandyrýan "As I open my eyes" atly kinofilmi surata düşürdi.

Leila Bouziniň tunisli ýaşlaryň durmuşy baradaky "Men gözlerimi açanymda" atly kinofilminiň afişasy.

Leila Bouziniň tunisli ýaşlaryň durmuşy baradaky "Men gözlerimi açanymda" atly kinofilminiň afişasy.

Leila Bouziniň tunisli ýaşlaryň durmuşy baradaky "Men gözlerimi açanymda" atly kinofilminiň afişasy.

Awtobiografiki häsiýetli bu kinofilm Wenesiýa. Toronta, Stokgolm we Kartaka kino festiwallarynda dürli baýraklara mynasyp görüldi we ol Dubaýda geçirilýän halkara kinofestiwalynda bolsa, arap kinofilmlerine berilýän "Iň gowy möhür" atly baýragy aldy.

Kakasy Fransiýanyň graždanini bolan režissýor Leila Fransiýa göçüp baryp, bu ýurtda öz döredijiligini dowam etdirýär.

ARAP EMIRLIKLERI

Birleşen Arap Emirlikleri , esasan, öz kinofilmleri bilen däl-de, bütin Arabystan sebitinde surata düşürilýän kinofilmleriň bir ýerde jemlenip, bazara hödürlenýän festiwallary bilen tanalýar. Abu Dabi we Dubaý kino festiwallary öz aýratynlyklary bilen meşhurlyk gazanan forumlar. Arap Emirliklerinde işleýän režissýorlaryň aglaba köpçüligi gysgametražly filmleri surata düşürmäge ürç edýärler. Nujoom Al-Ghanem bolsa özüniň dokumental filmleri bilen tanymal. ABŞ-nyň Ogaýo uniwersitetinde telerežissýor bolup işleýän, Awstraliýanyň Griffit uniwersitetinde kinorežissýorlyk tälimini alan Nujoom "Doňdurma" (”Ice Cream”, 1997), "Park" (”The Park”, 1997) atly gysgametražly çeper filmleriň, "Iki kenar arada" (”Between Two Banks”, 1999), "Al Mureed", 2008, "Hamama", 2010, "Deňziň sesleri" (”Sounds of the Sea”, 2015), "Asmana ýakyn" (”Neabry Sky”, 2014) ýaly dokumental filmleriň režissýorydyr.

Nurjoom Al-Ghanem "Asmana ýakyn" kinofilminiň traileri.

Onuň sähra durmuşynyň esasy bölegini emele getirýän düýeleriň durmuşyndan söz açýan "Asmana ýakyn" atly filmi Dubaý kinofestiwalynda "Iň gowy dokumental film" baýragyna mynasyp boldy.

Nurjoom Al-Ghanem režissýorlyk hünärinden daşgary-da döwrebap şahyr hökmünde hem tanalýar.

XS
SM
MD
LG