Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa hüjümçiniň asly tunisli fransuz raýatydygyny tassyklady


Fransiýanyň polisiýa güýçleri.
Fransiýanyň polisiýa güýçleri.

Fransiýanyň häkimiýetleri Nise şäherinde adamlar Bastilliýa gününi belleýän mahaly, ýük ulagyny adamalaryň üstüne sürüp, olara ot açan we azyndan 84 adamy öldürip, başga-da onlarçasyny ýaralan sürüjiniň asly tunisli 31 ýaşyndaky fransuz raýatydygyny aýdýarlar.

Polisiýa ýük ulag sürüjisiniň atylyp öldürilendigini habar berdi, emma dokumentleri ýük ulagynda tapylan hüjümçiniň adyny henize çenli köpçülige mälim etmedi.

Şol bir wagtda “Nice Matin” (okalyşy: Nis Muh-Tahn) atly ýerli gazetde hüjümçiniň adynyň Mohamed Lahouaiej Bouhleldigi mälim edilýär.

Şeýle-de, onuň Niseniň ýaşaýjysydygy we mundan ozal polisiýa bilen çaknyşyklarynyň bolandygy, emma aňtaw gulluklary tarapyndan tanalmaýandygy habar berilýär.

Nisedäki hüjümde azyndan 84 adam öldi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:39 0:00

Fransiýanyň derňewçileri soňky 18 aýyň dowamynda fransuz territoriýasynda bolan üçünji ýowuz hüjümiň sebäplerini anyklamak üçin ýygjam işleýärler.

Lukmanlar sürüji öz ýük ulagyny deňziň kenaryndaky feýerwerk dabarasyndan gaýdyp gelýän tomaşaçylaryň köpçüliginiň üstüne süren mahaly, başga-da ýüzlerçe adamyň ýaralanandygyny mälim etdiler. Fransiýa ýurtda üç günlük ýas yglan etdi.

15-nji iýulda telewideniýede eden çykyşynda fransuz prezidenti Fransua Olland wakany “terroristik hüjüm” diýip häsiýetlendirdi. Şeýle-de, ol Fransiýa “ýurda urgy bermek isleýän fanatiklere garşy hemişe güýçli bolar” diýip, wada berdi.

“Hiç bir zat bizi terrorizme garşy göreşmek islegimizden dändirip bilmez” diýip, fransuz prezidenti belledi.

“Biz Yrakdaky we Siriýadaky hereketlerimizi has-da güýçlendireris. Biz öz topragymyzda bize hüjüm edýänlere garşy zarbalarymyzy dowam etdireris” diýip, Olland “Yslam döwleti” atly söweşiji topara kakdyryp aýdan maglumatynda belledi.

Olland 15-nji iýulda ýurduň Howpsuzlyk kabinetiniň maslahatyny geçirdi.

Nisedäki hüjümde onlarça adam öldi, ýaralandy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:59 0:00

Ol Pariž hüjümlerinden soň güýje girizilen ýurt boýunça adatdan daşary ýagdaýyň möhletini ýene üç aýa çenli uzaltdy.

Nisedäki hüjümde ölenleriň arasynda daşary ýurtlylaryň, şol sanda azyndan iki amerikanyň, iki ermeniniň, bir orsýetliniň we bir ukrainalynyň bardygy habar berilýär.

Fransiýanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Pierre-Henry Brandet gyrgynçylykda ýüzlerçe adamyň ýaralanandygyny aýdyp, olaryň 18 sanysynyň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny belledi. Şeýle-de, ol keselhana ýerleşdirilenleriň azyndan 50 sanysynyň çagadygyny nygtady.

Pierre-Henry Brandet - ses

Niseniň häkimi Kristian Estrosi ýük ulagynyň içinden el granatlarynyň we ýaraglaryň tapylandygyny hem mälim etdi.

Estrosi Twitter sosial ulgamyndaky sahypasynda: “Bu biziň şäherimiziň taryhyndaky iň ýowuz tragediýa. 70-den gowrak adam öldi” diýip ýazdy.

Fransuz parlamentiniň ýerli agzasy Erik Siotti (Eric Ciotti) “France Info” neşirine beren maglumatynda ýük ulagy polisiýa tarapyndan saklanylmazdan öň, ol “ýüzlerçe adam ot açdy” diýdi.

Hüjümden birnäçe sagat soň, üsti ak kepeň bilen örtülen adamlaryň jesetlerini görmek bolýardy.

Hüjümiň jogapkärçiligini hem häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bu hüjümi ýazgaryp, çykyş etdi.

XS
SM
MD
LG