Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen resmileri Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň çempionatdan gitmegini islediler


Türkmen aty.
Türkmen aty.

Çehiýa respublikasynda Ahal-teke atlarynyň halkara çempionaty geçirilýär.

"Corona Bohemiae Cup" ady bilen ilkinji gezek geçirilýän bu çempionata Çehiýanyň Ola Rança sebitinde 15-nji iýulda badalga berildi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň berýän maglumatyna görä, bu çempionata Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşýar.

Anna güni türkmen resmileri bu çempionatyň guramaçylaryna Azatlyk Radiosynyň habarçysyny şikaýat edensoň, "Corona Bohemiae Cup"-y gurnaýjylar Azatlyk Radiosynyň habarçysyndan dabaranyň ikinji gününe gatnaşmazlygy soradylar.

Iki gün dowam etjek bu çempionata dünýäniň dürli künjeginden çapyksuwarlar we ahal-teke aty bilen gyzyklanýan atşynaslar gatnaşýar.

XS
SM
MD
LG