Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: Ençeme adam öldi, 1000-den gowragy ýaralandy


Türkiýede başa barmadyk harby agdarylyşyk synanyşygyndan soň howpsuzlyk operasiýalary dowam edýär. Bu waka netijesinde ençeme adamyň ölendigi, 1440 adamyň bolsa ýaraly bolandygy aýdylýar.

Ýurtda durnuklylyk aralaşýan hem bolsa, prezident Rejep Taýýyp Erdogan Twitter sosial ulgamyndaky sahypasynda agdarylyşyk synanyşygynyň "täze bir uçgunynyň" öňüni almak üçin öz tarapdarlaryny köçede galmaga çagyrdy.

Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýyldyrym 16-njy iýulda "Haberturk" telewideniýesine beren maglumatynda düýn gijäniň dowamynda bolan durnuksyzlyklarda 161 adamyň ölendigini we başga-da 1,440 sanysynyň ýaralanandygyny aýtdy.

Ol agdaralyşygy goldandagy üçin öldürilendigi habar berlen 104 esgeri bu sanawa goşmadyk ýaly görünýär. Eger olar goşulanlygynda, ölenleriň sany 265 bolmaly.

Ýyldyrym başa barmadyk harby agdarylyşyk synanyşygy goldaýan 2,839 harby işgäriň tussag edilendigini belledi.

Şeýle-de, ol başa barmadyk harby agdarylyşyk synanyşygy türk demokratiýasyna edilen "gara tegmildir" diýdi.

Hökümet resmileri 16-njy iýulda 2,839 harby işgäriň tussag edilendigini aýtdylar. 5 general, 29 polkownik, prezident Rejep Taýyp Erdoganyň hökümetini agdarmak synanyşygyna dahyllykda güman edilip, wezipesinden boşadyldy.

Iş başyndaky harby ýolbaşçy, general Umit Dundar žurnalistlere harby agdarylyşygy goldan 104 esgeriň öldürilendigini aýtdy.

Ol 90 adamyň «şehit bolandygyny», şol sanda 41 polisiýa ofiseriniň, asuda ilatdan bolsa 47 adamyň öldürilendigini sözüne goşdy.

Puç bolan agdarylyşyk

Prezident Rejep Taýyp Erdgan 16-njy iýulda dynç alyşdan dolanyp gelip, Stambulda toplanan goldawçylaryna «özüniň hiç bir ýere gitmeýändigini» aýtdy.

Erdogan öten agşam adam pidalaryna getiren gozalaňy «dönüklik» diýip häsiýetlendirdi. Şeýle-de ol döwleti agdarmaga synanyşanlara goldaw berenlere berk çäre görüljekdigini, harbylaryň içini ygrarsyz elementlerden saplap, berk arassalaýyş geçirmegi wada berdi.

«Olar bu dönüklik üçin berk jeza çekerler» diýip, Erdogan Stambul aeroportunda aýtdy.

Türkiýäniň preizdenti Rejep Taýyp Erdogan ýurtda harby agdarylyşygyň bolandyny inkär etdi. CNN telekanalyna beren interwýusynda Erdogan heniz hem häkimiýetde galýandandygyny, şeýle-de islendik agdarylyşyk synanşygyny basyp ýatyrjakdygyny aýtdy.

Erdogan adamlary köçä çykyp, häkimiýeti goldamaga çagyrdy. Ol buýruga boýun bolmaýan harbylaryň "azlykdygyny" aýtdy.​

Mobil telefonyna edilen ýazgyda Erdogan heniz hem prezident we ýokary harby serkerde bolup durýandygyny aýtdy.

Türkiýäniň premýer-ministri Binaly Ýyldyrym harby agdarylyşyga baş goşanlardan ar alynjakdygyny aýdyp, özüniň Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.

Bu aralykda Stambulyň telewideniýe binasynyň golaýynda partlamanyň sesi eşidildi.

Mundan öň, Türkiýäniň harbylary ýurdy demokratik ýol bilen ýöretmek we adam hukuklaryny kepillendirmek maksady bilen ýurdy "doly gözegçiligine" geçirendiklerini aýtdylar.

Bu baradaky beýanaty 15-nji iýulda Dogan habarlar agentligi türk telewideniýesinde berdi.

Beýanatda Türkiýäniň häzirki daşary gatnaşyklarynyň ählisiniň saklanyp galjakdygy we ýurtda kanunçylygyň hökmirowanlygynyň esasy orun tutjakdygy aýdylýar.

​TRT telekanalynyň habarçysy ýurtda harby ýagdaýyň we kommendant sagadyň girizilendigini aýtdy.

Bu aralykda, Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki Anadolu habar agentligi Türkiýäniň ýokary derejeli harbylarynyň, şol sanda baş ştabyň kommandiriniň-de harbylaryň Stambuldaky baş edarasynda zamun alnandygyny habar berýär.

Emma, prezident Rejep Tapyp Erdoganyň çeşmeleri onuň howpsuzlykdadygyny aýdýarlar.

Mundan öň, Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýyldyrym türk harbylarynyň bir böleginiň buýruga boýun bolman herekete geçip başlandygyny aýdypdy.

NTV habar agentligi ýurtda harby agdarylyşygyň bolup geçýändigini barada maglumat berdi.

Reuters habar agentligi Ýyldyrymyň "muny agdarylyşyk diýip atlandyryp bolmaz", emma "harbylaryň bir bölegi muňa synanyşdy" diýen sözlerini getirdi.

Harbylar Bosfor köprüsini petiklediler.

Harbylar Bosfor köprüsini petiklediler.

Mundan öň, Reuters Türkiýäniň paýtagty Ankarada harby uçarlaryň we wertolýotlaryň howa uçurylandygyny habar beripdi. Reuters Ankarada ok atyşyklaryň eşidilýändigini hem habar berýär.

Twitterde Ankaranyň käbir ýaşaýjylary, şäherde partlamanyň sesiniň eşidilendigini, munuň yzy bilen hem sosial ulgamlarynyň ýapylandygyny aýdýarlar.

Bu aralykda, türk howpsuzlyk güýçleri Stambuldaky Ýewropany we Aziýany birleşdirýän Bosfor köprüsini ýapdylar.

NTV türk harby tanklarynyň-da Stambuldaky Atatürk halkara aeroportyna eltilendigi barada maglumat berýär. Aeroportdaky ähli uçuşlar ýatyryldy.

Rejep Taýyp Erdoganyň 13 ýyllyk häkimiýeti döwri ýurduň harbylary köp halatlarda ünsden düşürilýärdi.

Ekspertleriň pikiriçe, Erdogan harbylara özüniň mümkin bäsdeşi hökmünde çemeleşipdir.

Soňky aýlaryň dowamynda Erdoganyň özüniň syýasy garşydaşlaryny çetleşdirmek boýunça alyp baran syýasaty, harbylaryň ýurduň syýasy durmuşynda has köp rol oýnamagyna mümkinçilik döretdi.

Ýeri gelende ýatlatsak, 1960-njy ýyldan bäri türk harbylary ýurduň dört sany jemgyýetçilik hökümetini agdarypdylar.

Maý aýynda prezident Erdogan premýer-ministri Ahmet Dawutoglyny wezipesinden aýyryp, onuň ýerine özüniň Adalat we Galkynyş partiýasyndan egideşi - Ýyldyrymy belledi.

Mundan soň, käbir harby we howpsuzlyk bilermenleri harbylaryň arasynda prezident Erdoganyň öz häkimiýetini artdyrmagyna garşy pikir-garaýyşlaryň döräp başlandygyny duýdurypdylar.

Dawutoglu mart aýynda wezipesinden çetleşdirilmezinden ozal-da, harby agdarylyşyk baradaky howatyrlanmalar peýda bolup başlapdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG