Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Hakyky musulman adam öldürmez"


Fransiýa, Nissa şäherinde 14-nji iýulda öldürilen adamlar.
Fransiýa, Nissa şäherinde 14-nji iýulda öldürilen adamlar.

Fransiýanyň Nissa şäherinde bolan terrorçylykly hüjüme Merkezi Aziýa sebitiniň, Ukrainanyň din wekilleri hem reaksiýa bildirdiler.

Özbegistanyň dini komitetiniň başlygynyň orunbasary Adulaziz Mansour özleriniň bu hili terror hüjümleriniň dowam etdirilmegininden juda lapykeç bolýandyklaryny aýtdy:

«Olar hiç bir zada we hiç bir adama garap durmaýarlar, islän ýerlerinde hüjüm guraýarlar we amala aşyrýarlar,bu dünýewi kanuna-da, şerigat kanunyna hem garşy gelýär» diýip, ol sözüni dowam etdi.

«Iň gynançly ýeri, bu terror hüjümleriniň ählisi biziň dinimiziň – yslamyň adyndan amala aşyrylýar. Mundanam başga, olar islendik terror hüjüminiň jogapkärçiligini buýsanç bilen öz üstlerine alýarlar we çar tarapa şeýle maglumatýaýradýarlar” diýip, Adulaziz Mansour bu hili jenaýatlary edýän adamlaryň jogapkärçilige çekilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Şeýle-de ol, «BMG we halkara möçberinde iş alyp barýanbeýleki halkara guramalary terrorçylara garşy yzygiderli çäre görmeýärler, eger şeýle çäre görülmese, bu terror aksiýalary dowam eder» diýdi.

Onuň sözlerine görä, 120 çemesi din wekili «Yslam döwleti» toparynyň ýolbaşçylaryny ýazgaryp çykyş etdi.

Duşenbäniň «Kazokon» metjidiniň ymamy Kobiljon Boew hem juma namazy wagtynda çykyş edip, Fransiýada bolan terror hüjümini berk ýazgardy. Ol Azatlyk radiosynyň Täjik gullugy bilen söhbetdeşlikde terrorçylaryň guraýan hüjümleriniň yslam hereketi däldigini nygtady:

«Biz muny ýazgarýarys. Biz munyň yslam akty däldigini aýtdyk. Şu gün, anna namazynda, men başgalary öldürmek üçin özüni partladýanlaryň «haram» ölýändigini aýtdym» diýip, Boew aýtdy.

Täjigistanyň Yslam merkeziniň Fatwa bölüminiň başlygy Jamoliddin Kamuşi hem Täjik gullugy bilen bolan söhbetdeşlikde Fransiýadaky terror hüjümini ýazgardy. Ol dünýäniň haýsy ýerinde edilse-de, yslamyň ady bilen edilýän terror hüjümleriniň hiç biriniň yslam bilen baglanyşygynyň ýokdugyny aýtdy.

Ukrain müftileriniň başlygy Saýid Ismagilow hem, Azatlygyň Ukrain gullugy bilen söhbetdeş bolup, yslamyň adyndan bigünä adamlaryň öldürilmegini ýazgardy:

"Biz islendik zorlugy, jenaýatlary we adam öldürilmegini ýazgarýarys, bularyň ählisi günä. Yslam dini bu hili zatlary gadagan edýär. Hakyky musulman hiç wagt beýle zat etmez. Bu terror hüjümi ozaly Fransiýanyň we Ýewropanyň musulmanlary üçin ters netijeler berer» diýip, Ismagilow Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

XS
SM
MD
LG