Sepleriň elýeterliligi

YD Nissa hüjüminiň jogapkärçiligini boýun aldy


Fransuz esgerleri

Fransuz esgerleri

«Yslam döwleti» jeňçi topary sosial media Fransiýanyň Nisse şäherinde bolan ýük maşynly terror hüjümini öz «esgerlereiniň» biriniň geçirendigini aýtdy.

16-njy iýuldaky habar YD bilen iltewli habar gullugy tarapyndan ýaýradyldy. Bu hüjüm netijesinde 84 adam öldi, 200-den gowrak adam ýaralandy.

Beýanatda 14-nji iýuldaky hüjümiň «YD bilen söweşýän koalisiýa döwletlerini nyşana almak çagyryşyna jogap bolandygy» aýdylýar.

Tunisde doglan Mohamed Lahouaiýej Bouhlel, kenarýaka Nissa şäherinde Bastille gününi belleýän mähelläniň üstünden ýük maşynyny sürdi. Bu waka bilen bagly 5 adam tussag edildi.

Bouhleliň kakasy fransuz telewideniýesine öz oglunyň dindar däldigini, hiç bir metjide gatnamandygyny aýtdy.

Fransiýa pidalaryň hormatyna üç günlük ýasa başlady.

XS
SM
MD
LG