Sepleriň elýeterliligi

Prezident Berdimuhamedowyň ýene kitaby çykdy


Prezident Berdimuhamedowyň ýene kitaby çykdy

Prezident Berdimuhamedowyň ýene kitaby çykdy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz okyjylaryna «şatlykly habar» ýetirmek isleýändigini, ýagny «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 8-nji tomuny ýazyp gutarandygyny aýtdy.

Ol Ministrler kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 21-nji iýulda belleniljek baýramçylygyň, ýagny Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabat, bu kitaby sowgat bermek isleýändigini aýtdy.

Prezident bu kitabynyň halkyň saglygyny goramak boýunça alnyp barylýan işlere hem goşant boljagyny belledi.

Prezident Berdimuhamedow mundan ozal 40 çemesi kitabyny çap etdiripdi.

XS
SM
MD
LG