Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat Türkiýedäki wakalardan ynjalyksyz boldy


Tňrkmen MID-iniň daşary gatnaşyklar uniwersiteti
Tňrkmen MID-iniň daşary gatnaşyklar uniwersiteti

Türkmensitanyň Daşary işler ministligi Türkiýede bolan harby agdarylyşyk synanaşygyndan ynjalyksyzlyk bildirdi.

Türkmen DIM-iniň websaýtynda çap edilen beýanatda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasynda harby agdarylyşygy amala aşyrmak boýunça edilen synanyşyk baradaky maglumatlaryň çuňňur ynjalyksyzlyk döredendigi aýdylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň prezidenti türk halkyna we döwletine goldawyny hem-de Türkiýedäki ýagdaýlaryň durnuklaşjakdygyna berk ynamyny beýan etdi diýip, habarda aýdylýar.

Mundanam başaga, türkmen lideri DIMi-ne Türkiýede bolup geçýän wakalary hemişe gözegçilikde saklamagy, ýurduň ýolbaşçylaryny bolýan zatlar bilen wagtynda habardar etmegi tabşyrypdyr.

Türkmen DIM-niň Metbugat gullugynyň ýazmagyna görä, prezident Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda bolýan raýatlaryna ynsanperwer meseleleri boýunça zerur bolan ähli ýardamlary bermegi hem tabşyrypdyr.

XS
SM
MD
LG