Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe güman edilýänleri tutýar, ABŞ-dan Güleni soraýar


Stambul, Erdoganyň tarapdarlary Taksim skwerinde. 16-njy iýul, 2016.
Stambul, Erdoganyň tarapdarlary Taksim skwerinde. 16-njy iýul, 2016.

Türk resmileri başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygy synanyşygyna dahyllylykda güman edilýän müňlerçe adamy tutdy, Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygynda «Yslam döwleti» jeňçi toparyna garşy howa zarbalaryny urmak üçin ulanylýan esasy howa bazasyny ýapdy.

16-nji iýulda Stambulyň Atatürk howa menzilinde uçarlar gonmaga başlady we ýurt azyndan 265 adamyň ölümine getiren, 1400-den gowrak adamy ýaralan döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan soň, haýallyk bilen, kadaly durmuşa dolandy.

Erdoganyň goldawçylary Antalýada toplandy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:48 0:00

Türk resmileri uly derejeli sudýany, NATO-nyň çalasyn reaksiýa bölüminiň türk komandirini, 15-nji iýulda giçlik başlanan agdarylyşyk synanyşygyndan soň, dönüklik aýyplamalary esasynda tussag etdiler. Şonda türk goşunynyň içinde bir fraksiýa ýurtda häkimiýeti ele geçirendigini yglan edipdi.

Ankaranyň gümany

Ankara harby döwlet agdarylyşygy synanyşygynda derrew 75 ýaşyndaky musulman ruhanasy, Birleşen Ştatlaryň Pensilwaniýa ştatynda ýaşaýan Fethulla Güleniň goldawçylarynyň guramasy diýýänini günäledi.

ABŞ, türk ruhanysy Fethulla Gülen agdarylyşyk synaşygyndan 'habarsyzdygyny' aýdýar.
ABŞ, türk ruhanysy Fethulla Gülen agdarylyşyk synaşygyndan 'habarsyzdygyny' aýdýar.

Gülen 16-njy iýulda özüniň 15-nji iýulda başlan harby döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan «habarsyz» bolandygyny aýtdy we, gazaply tankytçysy bolsa-da, Türkiýäniň hökümetiniň zorluk bilen agdarylmak synanyşygyny ýazgardy.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 16-njy iýulda Stambulda bolan ýygnanyşykda çykyp gürlände, ABŞ resmileriniň 1999-njy ýyldan bäri Birleşen Ştatlarda ýaşaýan Güleni yzyna, Türkiýä ibermeklerine çagyrdy.

"Jenap [ABŞ-nyň] prezident [Barak Obama], men size şu adamy ýa deportasiýa ediň, ýa biziň elmize gowşuryň diýdim" diýip, Erdogan aýtdy. "Men size onuň agdarylyşyk planlary bilen baglanyşyklydygyny aýtdym, emma men diňlenmedim.... Şol Pensilwaniýada ýaşaýan adamy Türkiýä tabşyryň."

ABŞ-nyň jogaby

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri 16-njy iýulda Obama adminstrasiýasynyň Güleniň ekstradisiýa edilmegi baradaky talaba seretjekdigini, emmaWaşingtonyň bu talaby diňe ruhanynyň agdarylyşyk synanyşygyna dahyllydygyna açyk subutnama bolan ýagdaýynda ýerine ýetirjekdigini aýtdy.

Kerri 16-njy iýulda Lýuksemburgda çykyp gürläp, Türkiýe entek Güleniň ekstradisiýa edilmegini resmi görnüşde talap etmedi diýdi.

Şeýle-de Kerri Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawusogla "başa barmadyk döwlet agdarylyşygynda Birleşen Ştatlaryň ol ýa-da beýleki rolunyň bolandygy barada jemgyýetçiligiň içinde kakdyrmagyň ýa gürrüň etmegiň düýpden dogry däldigini we biziň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyza zyýanlydygyny aýtdy" diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamenti aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Türkiýedäki ähli taraplary ýurdy durnuksyzlaşdyrmakdan gaça durmaga, agdarylyşyk synanyşygyndan soň kanun düzgünlerine eýermäge çagyrdy.

Türk hökümeti 16-njy iýulda ýagdaý «kontrol astynda» diýen hem bolsa, Erdogan twitterde öz goldawçylaryny, agdarylyşyk aktiwlikleriniň «täzeden örç almagynyň» öňüni almak üçin, köçelerde galmaga çagyrýan messaž ýerleşdirdi.

Indiki aladalar

Türkiýäniň Goranmak ministrligi, döwlet agdarylyşygy synanyşygynyň öňi alnan hem bolsa, agdaralaşygy goldaýanlar bilen Erdoganyň hökümetiniň goldawçylarynyň arasynda köp çaknyşyklaryň bolup biljekdigini duýdurdy.

Ministrlik harby ştabyň alnyp gaçylan başlygy, general Hulusi Akaryň dikuçar halas ediş missiýasy bilen, 16-njy iýulda irden halas edilendigini aýtdy.

Çawusoglu Erdoganyň hökümetine ygrarly türk howpsuzlyk güýçleriniň Injirlik howa bazasynyň daşyny baglandygyny aýtdy. Bu bazada, Yrakdaky we Siriýadaky YD jeňçilerine garşy urulýan howa zarbalary bilen bagly, 1500 çemesi amerikan esgeri hem bar.

Çawusoglu bazanyň daşynyň baglanmagynyň we YD garşy hüjümleri togtadan çäräniň - howa giňişliginiň ýapylmagynyň Injirlikde ýerleşýän käbir türk esgerleriniň agdarylyşyk plançylary bolmagy bilen baglydygyny aýtdy.

Ol bu ýerde käbir tussag etmeleriň hem bolandygyny aýtdy.

General leýtenant Erdal Öztürk, Türkiýäniň Üçünji Goşun korpusynyň komandiri 16-njy iýulda, dönüklik aýyplamasy esasynda, agdarylyşyk goldawçysy hökmünde tutulan uly derejeli harbylaryň biridir.

Öztürkiň meýdan korpusynyň ştaby Stambulda ýerleşmek bilen, NATO-nyň Türkiýäniň Birinji Goşunyndaky çalt ýerleşdirilýän korpusydyr. Bu harby birikme NATO-nyň Ýewropadaky ýokary ýaranlyk komandirine garaşly.

XS
SM
MD
LG