Bangladeşiň saýlama uniwersitetiniň professory şu aýda Dhaka kafesinde ganly hüjüm gurnan ýaragly adamlara kireýine jaý berdi diýlip, tussag edildi.
Polisiýanyň beýanatyna görä, Demirgazyk Günorta uniwersitetiniň işgäri Gias Uddin Ahsan 16-njy iýulda giçlik tussag edildi we 17-nji iýulda oňa paýtagt sudunda aýyplama bildiriler.
Polisiýa Ahsany öz eýeçiligindäki kwartirany, kanunyň talap edişi boýunça, kwartirantyň maglumatlaryny hasaba aldyrmazdan, 1-nji iýul hüjümleri bilen bagly adamlara kireýine bermekde aýyplaýar.
Bu hüjümiň jogapkärçiligini «Yslam döwleti» terror topary öz boýnuna alypdy.1-nji iýulda bolan kafe hüjümine gatnaşan bäş hüjümçi 20 adamy öldürip, beýlekileri kafeniň içinde zamun saklapdy.
Polisiýa 2-nji iýulda kafeniň içine zabt edip, hüjümçileri öldürdi we zamunlary azat etdi.