Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýerewan: Oppozisiýa topary polisiýa stansiýasyna zabt etdi


Töwerek polisiýa tarapyndan gabalyp alyndy. Ýerewan, 17-nji iýul, 2016.
Töwerek polisiýa tarapyndan gabalyp alyndy. Ýerewan, 17-nji iýul, 2016.

17-nji iýul güni irden oppozisiýa toparyndan bolan ýaragly erkekler Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda etrap polisiýasynyň edarasyna zabt etdi diýip, Milli howpsuzlyk gullugynyň beýanatynda aýdylýar.

Beýanatda hüjümçileriň Erebuni polisiýa stansiýasynda birnäçe adamy «zamunlykda» saklaýandygy, «olary parahatçylykly azat etmek üçin gepleşikleriň alnyp barylýandygy» aýdylýar.

«Uçreditel Parlament» oppozisiýa topary özleriniň lideri Zhirayr Sefilianyň azat edilmegini talap edýärler. Ol geçen aý hökümeti güýç bilen agdarmaga çalyşmakda aýyplanyp tussag edildi.

Bu toparyň sözçüsi Waruzhan Awetisian hem özleriniň «hökümeti agdarmak» we «syýasy tussaglary azat etmek üçin «pitneçilige başlaýandyklaryny» yglan etdi.

Bu töwerek polisiýa tarapyndan gabalyp alyndy.

XS
SM
MD
LG