Sepleriň elýeterliligi

Fethulla Gülen Erdoganyň aýyplamasyny ret edýär


 Fethulla üulen

Fethulla üulen

Türkiýeli musulman ruhanysy Fethulla Gülen türk prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyňhökümetine garşy edilen agdarylyşyk synanyşygyna hiç dahylynyň ýokdugyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Pensilwaniýa ştatynda ýaşaýan Gülen 16-njy iýulda özüniň 15-nji iýulda başlan harby döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan «habarsyz» bolandygyny aýdyp, gazaply tankytçysy bolsa-da, Türkiýäniň hökümetiniň zorluk bilen agdarylmak synanyşygyny ýazgardy.

Ýetmişiň ortasyndaky Gülen "Sen bu agdarylyşyk synanyşygyny eden adamlaryň bir topar sebäbini göz öňüne getirip bilersiň. Olar oppozision partiýanyň-da, milletçi partiýanyň-da tarapdary bolup bilerler» diýdi.

Şeýle-de ol bu synanyşygyň hökümetiň özi tarapyndan, has kän tut-da-baslyklara ýol açmak üçin gurnalan bolmagynyň ahmaldygyny öňe sürdi.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 16-njy iýulda Stambulda ABŞ-nyň Güleni deportasiýa etmegine çagyrdy.

XS
SM
MD
LG