Sepleriň elýeterliligi

Ýerewan: Ýaragly adamlar polisiýa stansiýasyny eýeledi


17-nji iýul güni irden oppozisiýa toparyndan bolan ýaragly erkekler Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda etrap polisiýasynyň edarasyna zabt etdi diýip, Milli howpsuzlyk gullugynyň beýanatynda aýdylýar.

MHG Erebuni polisiýa stansiýasynda bolan atyşykda bir polisiýa ofiseriniň öldürilendigini, ikisiniň ýaraly bolandygyny aýtdy.

MHG-nyň biraz öň ýaýradan beýanatynda hüjümçileriň Erebuni polisiýa stansiýasynda birnäçe adamy «zamunlykda» saklaýandygy, «olary parahatçylykly azat etmek üçin gepleşikleriň alnyp barylýandygy» aýdylypdy.

Howpsuzlyk resmileri iki sany zamunyň azat edilendigini hem habar berdiler.

«Uçreditel Parlament» oppozisiýa topary özleriniň lideri Zhirayr Sefilianyň azat edilmegini talap edýän beýanat çap etdi. Ol geçen aý hökümeti güýç bilen agdarmaga çalyşmakda aýyplanyp tussag edildi.

Bu toparyň sözçüsi Waruzhan Awetisian hem özleriniň "hökümeti agdarmak we syýasy tussaglary azat etmek üçin" "gozgalaňa başlaýandyklaryny" yglan etdi.

Polisiýa bu stansiýanyň töweregini gabady we ol ýerde bronly tehnikalary ýerleşdirdi.

MHG-nyň beýanatynda kanun goraýjy guramalaryň jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmek üçin kadaly işleýändigi aýdylýar.​

Şu aralykda oppozisiýadaky deputat we tanymal hökümet tankytçysy Nikol Paşinyan polisiýa stansiýasyna sapar edip, hüjümçiler bilen gürleşdi.

Golaýda döredilen «Raýat şertnamasy» oppozision partiýasynyň lideri Paşinyan stansiýanyň içindäki hüjümçileriň biriniň kellesinden agyr ýaralydygyny aýtdy.

Şeýle-de ol bir polisiýa ofiseriniň, halsyz bolany üçin, zamun alyjylar tarapyndan boşadylandygyny aýtdy.

«Uçreditel Parlament» atly topar Ýerewanyň köçelerinde ýygy-ýygydan protest gurap, prezident Serž Sarkisýanyň işden çekilmegini talap edýär.
Bu topar hususan-da hökümetiň Azerbaýjanyň bölüniji regiony, hem Ermenistan, hem Azerbaýjan tarapyndan dawa edilýän Dagly-Garabag territoriýasy babatda uzaga çeken konflikte çemeleşmesinden nägile bolýar.

Sefilian kim?

Sefilian we onuň alty goldawçysy 20-nji iýunda tussag edildi. Häkimiýetler ilki olaryň Ýerewanda birnäçe hökümet binasyny, telekommunikasiýa desgalaryny ele geçirmäge taýýarlyk görendiklerini aýtdylar.

Ol resmi taýdan bikanun ýarag eýeçiliginde aýyplandy. Sefilian özüne garşy açylan işiň syýasy äheňlidigini aýdýar.

Sefilian tussag edilmeginiň biraz öňünde «Milli garşy duruş komiteti» atly täze oppozisiýa hereketini gurmak planlaryny yglan etdi. Ol täze hereketiň, halkyň we goşunyň kömegi bilen, hökümeti agdarmaga synanyşjakdygyny aýtdy.
Sefilian 2006-njy ýylda hökümeti «zorlukly agdarmaga synanyşandygy üçin tussag edildi. Ol 2008-nji ýylda azatlyga çykdy.

Sefilian 2015-nji ýylda ýene, birnäçe goldawçysy bilen, agdarylyşyk taýýarlamakda güman edilip tussag edildi, emma birazdan goýberildi.

XS
SM
MD
LG