Sepleriň elýeterliligi

Erdogan Putin bilen duşuşar


Türk döwlet mediasy prezident Rejep Taýyp Erdoganyň rus kärdeşi Wladimir Putin bilen duşuşjakdygyny habar berýär.

Türk döwlet mediasy prezident Rejep Taýyp Erdoganyň rus kärdeşi Wladimir Putin bilen duşuşjakdygyny habar berýär.

Türk döwlet mediasy prezident Rejep Taýyp Erdoganyň rus kärdeşi Wladimir Putin bilen awgustda duşuşjakdygyny habar berýär.

Bu iki lideriň iýun aýynda, 2015-nji ýylyň noýabrynda urlup ýykylan rus harby uçary üstündäki jetleşmeden soňky gaýtadan düşünişmesinden bäriilkinji ýüzbe-ýüz duşuşygy bolar.

Anadoly habar gullugy hökümet çeşmelerine salgylanyp, bu duşuşygyň awgustyň ilkinji hepdesinde boljakdygyny habar berýär.

Ankara we Moskwa 17-nji iýulda Putiniň biraz öň Türkiýede 15-nji iýulda bolan döwlet agdarylyşygy synanyşygy bilen bagly Erdogana telefon edip, öz goldawyny bildirendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG