Sepleriň elýeterliligi

"Adamlara ýer berilse, suwdan kän zat ýok"


Galla baýramy

Galla baýramy

Türkmenistanda Galla baýramçylygy bellenilýär. Türkmen mediasy prezident Berdimuhamedowyň gallaçylara gutlagyny çap etdi we Galla baýramy mynasybetli geçirilýän aýdym-sazly çärelere ýurduň ilatynyň işjeňlik bilen gatnaşýandygyny habar berýär.

Ikinji tarapdan, bu gezekki Galla baýramy Ministrler kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýerleri daýhanlara hususy eýeçilige bermek hakynda çynlakaý mesele gozgalmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň daýhan birleşikleriniň her gektardan 16 sentner däne alýandygyny, emma hususy hojalyklarda her gektardan alynýan dänäniň 63 sentnere çenli ýetýändigini aýtdy.

Mundan öň prezident daýhanlaryň ýerden bol hasyl almagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýdýardy.

Emma muňa garamazdan, ol indi ýurtda daýhanlaryň ýeriň hakyky eýesi bolmagy we olara ýokardan, ekjek ekinini, haçan we näçe ekjegini kesgitläp, plan bermegiň bes edilmegi barada pikir edilýäne meňzeýär.

Eýsem Türkmenistanda ýerleri daýhanlara hususy eýeçilige ýa-da uzak möhletli kärendesine bermek barada kanun taýýarlanyp, bu iş ýola goýulsa, ekerançylyk üçin suw ýeterlik bolarmy?

Azatlyk radiosy ýurtda bellenilýän Galla baýramy, ýer we suw meselesi barada ýerli ýazyjy, S.Nyýazow döwründe birsellem ýer alyp, daýhançylyk bilen meşgullanan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

XS
SM
MD
LG