Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýerewan: Zamun alnan ýedi adamyň ikisi boşadyldy


Ermenistanyň ýaragly polisiýa ofiserleri. 17-nji iýul, 2016 ý.
Ermenistanyň ýaragly polisiýa ofiserleri. 17-nji iýul, 2016 ý.

Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda polisiýanyň edarasyny zabt eden oppozisiýa topar bilen ilteşikli ýaragly adamlar zamun alnan ýedi adamdan iki sanysyny goýberdiler.

Şol bir wagtyň özünde, ýaragly adamlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky gapma-garşylyk 18-nji iýulda, ýagny ikinji gününde hem dowam edýär.

Oppozision topar bilen ilteşikli ýaragly adamlar “Uçreditel Parlament” oppozisiýa toparynyň tussaglykdaky lideri Žiraýr Sefilianyň boşadylmagyny talap edýärler. Emma ermeni häkimiýetleri bu talaby ret edýärler.

Şeýle-de, ýaragly adamlar ermeni prezidenti Serž Sarkisianyň eýeleýän wezipesinden çekilmegini talap edýärler.

Ermeni häkimiýetleri 17-nji iýulda ýaragly adamlar Erebuni polisiýa merkezine hüjüm edip, howpsuzlyk güýçleri bilen ok atyşan mahaly, polisiýanyň polkowniginiň öldürilendigini we başga-da dört polisiýa ofiseriniň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Ermenistanyň Milli Howpsuzlyk gullugy topary özlerini howpsuzlyk güýçlerine tabşyrmaga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG