Sepleriň elýeterliligi

Baýden ABŞ-da üç polisiýa işgäriniň öldürilmegini ýazgardy


Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Jo Baýden (Joe Biden).

Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Jo Baýden (Joe Biden).

Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Jo Baýden (Joe Biden) Luiziananyň Baton Ruž sebitinde üç polisiýa ofiseriniň öldürilmegini ýazgardy we munuň “ýigrenji hereket” bolandygyny aýtdy.

“Bu biziň öýümizde ýaşaýyş obrazymyza edilen hüjüm” diýip, Baýden 18-nji iýulda Awstraliýada eden çykyşynda belledi.

Birleşen Ştatlaryň häkimiýetleri 17-nji iýulda gara eginbaş geýen we ýaraglanan öňki esgeriň ot açyp, hukuk goraýjy ofiserleriň üçüsini öldürmegi bilen baglanyşykly derňewleriň dowam edýändigini mälim etdiler.

Ýaragly adamyň Kansas şäherinden 29 ýaşly Gawin Longdygy habar berilýär.

Polisiýa onuň wakanyň bolan ýerinde atylyp öldürilendigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG