Sepleriň elýeterliligi

Saud Arabystany Olimpiýa oýunlaryna zenan türgenleri ugradýar


Saud Arabystany Olimpiýa oýunlaryna zenan türgenleri ugradýar.

Saud Arabystany Olimpiýa oýunlaryna zenan türgenleri ugradýar.

Saudy Olimpiýa komiteti Rio-de-Žaneýroda geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna dört türgeni ugratmak baradaky resminamany tassyklady. Bu saudy zenanlarynyň Olimpiýa oýunlaryna indi ikinji gezek gatnaşjakdygyny aňladýar.

Saudy Olimpiýa komitetiniň başlygynyň ýerine ýetirijisi Hosam Alkuraşiniň aýtmagyna görä, saudy şalygynyň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak zenan we erkek türgenleriniň sanawy 17-nji iýulda aýry-aýrylykda yglan edilipdir.

Türgenler Sara al-Attar, Lubna al-Omair, Kariman Abu al-Jadail we Wujud Fahmi Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan saudy zenanlarynyň ikinji toparydyr. 2012-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlaryna iki saudy zenan türgeni gatnaşypdy.

XS
SM
MD
LG