Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe müňlerçe resminiň ygtyýarlyklaryny ýatyrdy


Türkiýäniň Howa güýçleri akademiýasynyň öňünde duran polisiýanyň ýörite güýçleriniň agzalary. 18-nji iýul, 2016 ý.
Türkiýäniň Howa güýçleri akademiýasynyň öňünde duran polisiýanyň ýörite güýçleriniň agzalary. 18-nji iýul, 2016 ý.

Türk häkimiýetleri başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan soň, 8 müňe golaý polisiýa ofiseriniň ygtyýarlyklaryny ýatyrdy diýip, döwlet eýeçiligindäki “Anadolu” habar agentligi 18-nji iýulda ýurduň Içeri işler ministrligine salgylanyp habar berdi.

15-nji iýulda bolan harby döwlet agdarylyşygy synanyşygy bilen ilteşikli ýurduň dürli künjeginde 7,500-den gowrak adam, şol sanda sud we harby pudagyň agzalary, generallar tussag edildi.

Prezident Rejep Taýýyp Erdogan bu iş bilen ilteşikli “arassalaýyş” çäreleriniň dowam etjekdigine wada beren mahaly, türk häkimiýetleri onlarça şäheriň häkimini eýeleýän wezipesinden boşatdy diýip Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki mediasy habar berýär.

Ölüm jezasy

Erdogan, Türkiýe 2004-nji ýylda ýatyrylan ölüm jezasyny gaýtadan dikeltmegi göz öňünde tutup biler diýdi.

Erdogan 17-nji iýulda köpçülige ýüzlenip eden çykyşynda parlamentde ölüm jezasyny gaýtadan dikeltmek barada gepleşikleriň geçiriljekdigini aýtdy.

18-nji iýulda türk hökümeti ýowuzlyklarda 208 adamyň, şol sanda parahat ilatdan 145 ýaşaýjynyň öldürilendigini we 1,490-dan gowrak adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Tussag edilmeler we resmileriň ygtyýarlyklaryny ýatyrmak çäreleri, türk häkimiýetlerine demokratiýa, adam hukuklaryna we esasy azatlyklara hormat goýmaga çagyryş edilen mahaly amala aşyrylýar.

“Şübheliler kazyýetde sud edilmeli”

Germaniýa eger türk hökümeti ölüm jezasyny gaýtadan dikeltmek barada karar kabul etse, onda Türkiýäniň Ýewropa Bileleşiginiň düzümine goşulmak baradaky gepleşikler doly ýatyrylar diýip duýduryş berdi.

Belgiýanyň daşary işler ministri Didier Reýnders Ankaranyň başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygy synanyşygyna reaksiýasy “deňagramly” bolmaly diýdi.

18-nji iýulda oppozision “Jumhuriýet halk partiýasy” (CHP) häkimiýetler harby döwlet agdarylyşygy synanyşygyna kanunyň çäklerinde gaýtawul berlip, bu iş bilen ilteşiklidigi güman edilýän adamlar kazyýetde sud edilmeli diýdi.

Ekstradisiýa

Şeýle-de, “Jumhuriýet halk partiýasy” (CHP) öz beýanatynda ýurduň armiýasynyň duşman ýaly edilip görkezilmeli däldigini hem belleýär.

Erdogan 17-nji iýulda gatnaşan jynaza namazynda “döwlet edaralaryny Birleşen Ştatlarda ýaşaýan Fethullah Güleniň tarapdarlarynyň wiruslaryndan arassalajakdygyna” wada berdi. Ankara Güleni döwlet agdarylyşygyny amala aşyrmak dildüwşüginiň arkasynda bolmakda aýyplaýar.

Ýekşenbe güni Türkiýe Güleniň ekstradisiýa edilmegini sorajakdygyny hem mälim etdi. Gülen başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygy synanyşygyny ýazgaryp, oňa özüniň hiç hili gatnaşygynyň ýokdugyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG