Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermeni häkimiýetleri ýaragly adamlaryň talabyny ret edýär


Ermeni polisiýasy.
Ermeni polisiýasy.

Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda polisiýanyň edarasyny zabt eden oppozisiýa topar bilen ilteşikli ýaragly adamlar zamun alan ýedi adamdan iki sanysyny goýberdiler.

Ermenistanyň häkimiýetleri paýtagt Ýerewanyň bir polisiýa merkezinde adamlary girew alan bir topar ýaraglynyň talaplaryny ret etdiler. Şeýle-de, Milli howpsuzlyk gullugynyň resmileri ýaragly adamlara howpsuzlyk güýçlerine boýun egmek barada duýduryş berdiler.

Polisiýa bilen bu adamlaryň arasyndaky gapma-garşylyga sebäp bolan olaryň 17-nji iýulda Erebuni etrabynyň polisiýa merkezine hüjüm edip girenligi.

Ermenistanyň polisiýa güýçleriniň başlygynyň birinji orunbasary general Hunan Pogosian hüjümde polisiýanyň bir polkownigiň öldürilendigini we dört polisiýa işgäriniň hem ýaralanandygyny aýtdy.

"Esaslandyryjy parlament" atly oppozision toparyň agzalary bolan ýaragly adamlar polisiýa merkezinde sany näbelli adamlary girew aldy.

“Çagyryşymyza gulak asmasalar, biz olary zyýansyzlandyrmaly bolarys”

Milli howpsuzlyk gullugy bilen beýleki howpsuzlyk resmileri öten agşam gapma-garşylygy çözmek üçin bu adamlar bilen gepleşik geçirdiler, ýöne gelnen netije ýok.

Hüjümçiler bir beýannama çykaryp, öz liderleri Žiraýr Sefilianyň boşadylmagyny talap etdiler. Hökümetiň ýanbemez tankytçysy bolen Sefilian bikanun ýarag saklamakda aýyplanyp, öten aý tutuldy.

Pogosian Sefilianyň boşadylmagyny ret edip, ýaragly topary howpsuzlyk güýçlerine boýun egmäge çagyrdy.

"Eger olar biziň çagyryşymyza gulak asmasalar, biz olary zyýansyzlandyrmaly bolarys. Sebäbi ganhorlar bilen başga hili iş salyşmak bolaz" diýip, Pogosian 17-nji iýulda aýtdy.

Ol ýöne gepleşikler häzirlikçe dowam eder diýdi.

"Esaslandyryjy parlament" toparynyň sözçüsi Waržan Awetisianňy aýtmagyna gorä, "olar bir gozgalaňa başlaýarlar", maksat, "hökümeti agdarmak". Şol bir wagtyň özünde-de "syýasy tussaglaryň boşadylmagy gazanylmaly".

“Ähli çäreleri görýäris”

Oppozision "Esaslandyryjy parlament" topary "Facebook" saýtynda bur wideo ýerleşdirip, ermeni raýatlaryny hökümetiň garşysyna köçelere çykmaga çagyrdy.

Wideoda elleri kalaşnikowly adamlar we polisiýa merkezinde girewde saklanýanlar bar.

Eli ýaragly bir adam syýasy tussaglaryň boşadylmagyna çagyryp: "Adamlar, biz bu işi siziň üçin edýäris, köçelere döküliň" diýýär.

Ýöne adamlaryň bu çagyryşa näme reaksiýa görkezendigi barada maglumat ýok.

Milli howpsuzlyk gullugynyň beýannamasynda ýagdaý hukuk goraýjy güýçleriň doly kontrollygynda, biz meseläni çözmek üçin ähli çäreleri görýäris" diýilýär.

Prezidenti Serž Sarkisian meseläni iň gowy ýollar bilen çözmek boýunça howpsuzlyk işgärleri bilen maslahat geçiripdir.

"Esaslandyryjy parlament" topary Ýerewanyň köçelerinde ýygy-ýygydan protest geçirip, Sarkisianyň wezipeden çekilmegini talap edýär.

Bu topar, aýratyn-da, hökümetiň uzak wagt bäri çözülmän gelýän Daglyk-Garabag konfliktine çemeleşişini tankytlaýar.

Sefilian bilen onuň alty sany tarapdary deslap hökümet binalaryny we Ýerewanyň telekommunikasiýa merkezini zabt etmegi planlaşdyryanlykda aýyplanyp 20-nji iýunda tutuldylar. Resmi taýdan bolsa, olara bikanun ýarag saklanlykda günä bildirilýär.

XS
SM
MD
LG