Sepleriň elýeterliligi

'Ministrligi ýapmak karary syýasy matlaply'


Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň binasy, Aşgabat

Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň binasy, Aşgabat

Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrligi ýatyryldy, şeýle-de prezidentiň ýanyndaky Nebit-gaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak boýunça döwlet agentliginiň işi bes edildi. Ýurduň nebit iki iri döwlet edarasynyň ýapylmagy barada halkara bilermenleri nähili pikirde?

Azatlyk Radiosy "Natural Gas Europe" agentliginiň baş bilermeni Jon Roberts bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan iki sany energiýa edarasyny Nebit-gaz ministrligini we Uglewodorodlar boýunça döwlet agentligini ýapdy. Siz bu barada nähili pikirde?

Jon Roberts: Birinjiden, ýapylan agentlik derňew astynda, sebäbi onuň geçen ýylyň noýabr aýynda wezipesinden çekilen öňki ýolbaşçysy korrupsiýa baş goşmakda güman edilip, derňew astynda saklanýar. Meniň pikirimçe, häzirki wakalaryň dürli ugurlarda halkara maliýe durmuşyndan üzňeleşdirilen ýurduň daşary ýurt kompaniýalary bilen nähili işleşendigini we munuň netijesizliginiň sebäplerini anyklamak boýunça alnyp barylýan giň gerimli derňewler bilen bagly bolmagy mümkin.

Azatlyk Radiosy: Jon, siz agentligiň korrupsiýa bilen baglylykda şübhe astyndadygyny we onuň prezident tarapyndan ýazgarylandygyny aýtdyňyz. Şol bir wagtda-da Türkmenistandan beýleki ýurtlaram global energiýa bazarlaryndaky krizisden ejir çekýärler. Türkmen häkimiýetleriniň gürrüňi edilýän karara edil häzir gelmeginiň näme sebäbi barka?

Jon Roberts: Türkmenistanda bu esasy mesele bolup durýar. Ýurtda halkara biznesiň nädip dolandyrylýandygyna we nädip hyzmatdaşlyk edýändigine düşünýän diňe sanlyja adam bar. Şeýle-de muňa düşünýänleriň öz maglumatlaryny ýolbaşçylygyň ýokarky gatlaklaryna ýetirmegi örän kyn. Bu bolsa aýylganç problemanyň bardygyny aňladýar. Sebäbi sen öz ýurduň ösmegini isleseň, onda halkara maliýe bazarynyň nädip işleýändigine, şeýle-de halkara energiýa bazarynyň nädip dolandyrylýandygyna düşünmeli.

Häzirki wagtda ýagdaýa düşünýän baş ýolbaşçylaryň biri ýurduň nebit-gaz pudagyna gözegçilik edýän Ýagşygeldi Kakaýew göni prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa iňňän agyr ýagdaý barada hasabat bermeli. Emma halkara bazarlarynyň işleýşini öwrenip, türkmen ykdysadyýetiniň oňa uýgunlaşmagy üçin edilmeli işler üçin ýurtda häkimiýet mehanizminiň bolmazlygy hakyky problema.

Netijede Türkmenistanyň Hytaý bilen iňňän möhüm kontraktlary bolsa-da, ol gury ýerdäki esasy nebit-gaz ýataklaryndaky önümçilige günbatar kompaniýalaryny çekmek üçin şertnamalaryň howpsuzlygyna kepil geçip bilmeýär. Bu bolsa Türkmenistana ösen tehnologiýalary getirip bilerdi we ýurda bähbitli bolup bilerdi. Nebit-gaz edaralaryny ýapmak karary oňyn netije berip bilmeýär. Sebäbi esasy mesele ýurduň uglewodorod resurslarynyň awtoritar usulda dolandyrylmagy bilen bagly. Netijede bu karar syýasy matlaply bolup görünýär.

XS
SM
MD
LG