Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýewropada musulmanlara garaýyş ýaramazlaşýar (Sanlarda)


Polşanyň Lodz sebitinde protestçiler bosgunlara garşy ýöriş geçirýärler. 12-nji sentýabr, 2015 ý.

Polşanyň Lodz sebitinde protestçiler bosgunlara garşy ýöriş geçirýärler. 12-nji sentýabr, 2015 ý.

Soňky ýylda Ýewropanyň musulman azlygy bilen owalam o diýen oňaýly bolmadyk gatnaşyk hasam ýaramazlaşdy.

Musulman ýurtlardan Ýewropa baran migrantlar we bosgunlar sebitde migrasiýa, ýagny bu ýurtlara göçüp gelmek babatynda jedelleşikleriň döremegine sebäp bolýarlar.

Bu jedeller hatda Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginden çykmagy barada karar kabul etmegine hem güýçli täsir etdi. Şol bir wagtyň özünde radikal yslamçy toparlar Fransiýa bilen Belgiýada elhenç terrorçylykly hüjümleri amala aşyrdylar.

“Pew” barlag merkeziniň geçiren pikir soralyşygynyň netijelerine görä, 2016-njy ýylda ýylyň dowamynda Ýewropa ýurtlarynda musulmanlara garşy bolan negatiw garaýyşlar hasam möwjedi.

Britaniýada bu san ýüzden 9 göterim ýokarlanyp, umumy möçberde ýüzden 29 göterime barabar boldy. Ispaniýa bilen Italiýada bu görkeziji ýüzden 8 göterim ýokarlanyp, ýüzden 50 we 60 göterime baryp ýetdi. Gresiýada bolsa, musulmanlara garşy tutumlar 2014-nji ýyldan bäri ýüzden 12 göterim artyp, umumy görkeziji ýüzden 65-e ýetdi.

“Terrorçylykly hüjümleriň ähtimallygy ýokarlanar”

Pikir soralyşygyň geçirilen 10 ýurdunda öz garaýşyny beýan edenleriň takmynan ýüzden 59 göterimi, bosgunlaryň sanynyň köpelmegi bilen ýurtda terrorçylykly hüjümleriň ähtimallygy hem ýokarlanar diýip pikir edýärler. Aslynda bu san, bosgunlaryň gelmegi bilen, ykdysady problemalaryň we jenaýatlaryň artjakdygy baradaky ynjalyksyzlygy görkezýän sanlardan has ýokarydyr.

Wengriýada pikir soralyşygyna gatnaşanlaryň ýüzden 76 göterimi bosgunlaryň terrorçylyk bilen arabaglanyşyklydygyny belleýär. Polýaklaryň hem ýüzden 71 göterimi şeýle pikire eýe bolup çykýar. Pikir soralyşygynyň geçirilen ýurtlarynyň arasynda bu mesele bilen baglanyşykly iň az sana Ispaniýada duş gelinýär. Ýöne şonda-da ol ýurtdaky öz pikrini beýan edenleriň ýüzden 40 göterimi bosgunlary terrorçylyk bilen gönümel arabaglanyşykly hasaplaýar.

Britaniýada bolsa musulmanlara garşy pikir beýan edenleriň sany ýüzden 80 göterime baryp ýetipdir we olar bosgunlaryň terrorçylyk howpuny salýandygyny mälim edýärler. Musulmanlara garşy oňaýly garaýyşa eýe bolanlaryň ýüzden 40 göterimi hem hut şeýle pikir edýär.

“Köpmilletliligi baýlyk”

“Pew” barlag merkeziniň geçiren pikir soralyşygyna görä, has köp sagçy garaýyşa eýe bolan adamlar, musulmanlar we bosgunlar barasynda has oňaýsyz tutuma eýe. Şonuň üçinem olaryň arasyndan Britaniýada ”Garaşsyzlyk partiýasy” ýa-da Fransiýada ”Milli front” ýaly sagçy ýa-da populistik partiýalaryň bu temada iň oňaýsyz tutuma eýe bolan dalaşgärleri ýörite köp ses aldylar.

Pikir soralyşygynyň geçirilen ýurtlarynda, garrylar bilen sowatlylyk derejesi pes bolanlaryň hem musulmanlar we bosgunlar barasyndaky garaýşy oňaýsyzdyr. Ýaşlar we sowatlylyk derejesi ýokary adamlar bolsa, munyň tersine, musulmanlara has oňaýly çemeleşýärler. Ýokary bilimli adamlar hem öz ýurdunda köpmilletliligi baýlyk hasaplaýarlar. Sowatlylyk derejesi pes bolanlar bolsa, olaryň tersine, bu temada oňaýsyz pikire eýe.

"Ýewropanyň musulmanlary: "beýleki" ýewropalylar" atly kitabyň awtory H.A. Hellýer, geçirilen bu pikir soralyşygyň netijesiniň geň däldigini belleýär. Onuň pikiriçe, bu meseläni döredýänler milletparaz sagçylar. Ýewropanyň çepçi toparlary bolsa olara garşy çykýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG