Sepleriň elýeterliligi

Erdogan ABŞ-dan Güleniň ekstradisiýa edilmegini soraýar


Fethullah Gülen. 16-njy iýul, 2016 ý.

Fethullah Gülen. 16-njy iýul, 2016 ý.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan Birleşen Ştatlar, geçen hepdäniň ahyryndaky başa baramadyk harby döwlet agdarylyşygy synanyşygy bilen ilteşiginiň bardygy aýdylýan musulman ruhanysy Fethullah Güleni yzyna gaýtaryp bermeli diýdi.

“Biziň jenaýatçylary yzyna gaýtaryp bermek bilen baglanyşykly özara ylalaşygymyz bar. Hatda ol Birleşen Ştatlaryň raýaty bolsa-da, şuňa meňzeş zatlar ikitaraplaýyn amala aşyrylmalydyr” diýip, Erdogan 18-nji iýulda “CNN” telekanalyna beren maglumatynda aýtdy.

Şeýle-de Erdogan: “Birleşen Ştatlar şuňa meňzeş terroristleri saklamaly däl. Birleşen Ştatlar şol adamy Türkiýä ekstradisiýa etmelidir” diýdi.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Waşingtonyň Güleniň ekstradisiýa edilmegi baradaky talaba seretjekdigini, emma Waşingtonyň bu talaby diňe ruhanynyň agdarylyşyk synanyşygyna dahyllydygyna açyk subutnama bolan ýagdaýynda ýerine ýetirjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG