Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Orta we kiçi işewürlere goýberilýän kredit 21,8% artdy


Aşgabadyň bazarlarynyň biri.
Aşgabadyň bazarlarynyň biri.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy 2016-njy ýylyň birinji ýarymynda prezidentiň karary esasynda orta we kiçi işewürleri goldamak we höweslendirmek, şeýle-de ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen ýurduň banklaryna goýberilen kreditleriň göwrümi öňküsinden 21,8 prosent ýokarlandy diýdi.

Geçen hepdäniň anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde çykyş eden M.Annadurdyýew ýurduň banklaryna goýberilen kreditleriň, karz pul serişdesiniň hasabyna orta we kiçi işewürlere degişli 1121 proýektiň maliýeleşdirilendigini aýtdy.

Şeýle-de, onuň aýtmagyna görä, şu ýylyň birinji ýarymynda oba-hojalyk pudagynda, azyk senagatynda, gurluşyk materiallary, hyzmat ediş pudaklarynda işleýän işewürlere berlen kreditleriň möçberi öňküsinden 32,3 prosent ýokarlanypdyr.

Şol bir wagtda, ýurtda daşary ýurt walýutasynyň, şol sanda amerikan dollarynyň satuwy bilen baglanyşykly girizilen çäklendirmeler netijesinde orta we kiçi işewürleriň, şol sanda daşary ýurtlardan harytlary import edýän söwdagärleriň kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny, ýerli synçylar aýdýarlar.

Şeýle-de, käbir türkmen telekeçileriniň döwletiň haýryna uly möçberde serişde geçirmäge mejbur edilýändigi hem habar berýär.

XS
SM
MD
LG