Sepleriň elýeterliligi

Germaniýa: Owgan hüjümçiniň öýünde “YD-yň” baýdagy tapyldy


“Yslam döwleti” atly toparyň baýdagy.

“Yslam döwleti” atly toparyň baýdagy.

Germaniýanyň polisiýasy ýurduň günortasyndaky Bawaria sebitinde otly ýolagçylaryna hüjüm eden 17 ýaşyndaky owgan bosgunynyň otagynda “Yslam döwleti” atly toparyň el bilen çekilen baýdagynyň tapylandygyny aýdýar. 19-njy iýulda bolan bu wakada polisiýa Germaniýadan gaçybatalga soraýan owganystanly ýetginjegi atyp öldürdi.

“Yslam döwleti” atly topar bilen ilteşikli “Amak” atly habar agentligi bu hüjümiň “Yslam döwleti” toparynyň söweşijisi tarapyndan amala aşyrylandygyny aýtdy.

Bu baradaky beýanat, Germaniýanyň Bawaria sebiti boýunça içeri işler ministri Joaşim Herman hüjümçiniň yslamçy toparyň agzasydygyny ýa-da däldigini aýtmak üçin heniz irdigini mälim eden mahalyna gabat geldi.

Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, “Allahu akbar” diýip gygyran ýetginjegiň paltaly we pyçakly ýolagçylara hüjüm edip, bäş adamy ýaralady. Olaryň ikisiniň saglyk ýagdaýy agyr.

XS
SM
MD
LG