Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň ýene bir kitaby çapdan çykdy


Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy işiniň sekizinji jildi çapdan çykdy diýip, türkmen döwlet mediasy habar berýär.

Türkmen prezidentiniň ýazandygy aýdylýan bu kitabyň tanyşdyryş dabarasy 18-nji iýulda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň maslahatlar zalynda geçirildi.

Bu kitabyň ýurduň saglygy saklaýyş pudagynyň işgärleriniň arasynda uly meşhurlyga eýedigi, şeýle-de, oňa daşary ýurt spesialistleriniň hem uly gyzyklanma bildirýändigi aýdylýar.

Prezident bu kitabynyň halkyň saglygyny goramak boýunça alnyp barylýan işlere hem goşant goşjakdygyny belledi.

Prezident Berdimuhamedow mundan ozal 40 çemesi kitabyny çap etdiripdi.

XS
SM
MD
LG