Sepleriň elýeterliligi

Britaniýa: Ok atyşykda üç adam öldi


Britaniýanyň Linkolnşaýr sebitindäki howdan.

Britaniýanyň Linkolnşaýr sebitindäki howdan.

Britaniýanyň polisiýasy Angliýanyň merkezinde bolan wakada üç adamyň, şol sanda şübheli ýaraglynyň atylyp öldürilendigini aýdýar. Polisiýa bu wakanyň terrorizm bilen ilteşiklidigini görkezýän alamatlaryň ýokdugyny sözüniň üstüne goşdy.

Britan polisiýasy ok atyşygyň 19-njy iýulda Linkolnşaýr sebitindäki howdanyň golaýynda bolandygyny aýtdy.

“Bu wakanyň terrorizm bilen ilteşiklidigini görkezýän alamatlar ýok we polisiýa tarapyndan hiç hili ot açylmady” diýip, beýanatda aýdylýar.

Häzire çenli bu barada jikme-jik maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG