Sepleriň elýeterliligi

FIFA: Gerekli ädimler ädiler


Orsýetiň sport ministri Witaliý Mutko

Orsýetiň sport ministri Witaliý Mutko

Ors futbolynda on töweregi doping wakasynyň Moskwa tarapyndan bassyr-ýussur edilen şular ýaly ýüzlerçe wakalara degişlidigi 18-nji iýulda ýüze çykanda Halkara futbol federasiýasy FIFA bu babatda "gerekli çäreleriň" görüljekdigini wada etdi.

Bütindünýä Anti-doping Agentligi WADA-nyň hasabatynda Orsýetiň sport ministri Witaliý Mutkonyň futbolçylar baradaky doping wakalarynyň üstüniň örtülmegi boýunça tabşyryk berendigi aýdylýar. Ýöne FIFA bu aýdylýanlar hakda göni beýanat bermekden saklandy.

Kanadaly aklawçy Riçard MkLarenyň ýolbaşçylygynda taýýarlanan garaşsyz hasabatda Moskwanyň sportyň dürli ugurlaryna, şol sanda futbola-da degişli sportçularyň doping ulanandygyny görkezýän derňewleriň netijelerini ýaşyrandygy aýdylýar.

"Baş derňewçi bilýär"

FIFA MkLarenyň hasabatynda ors futbolynda aýdylýan doping wakalary hakda WADA-dan jikme-jik maglumat sorandygyny bildirdi.

"WADA-dan bu maglumatlar gelen badyna FIFA gerekli indiki ädimleri äder" diýilýär.

WADA-nyň hasabatynda aýdylyşyna görä, haýsy sportçynyň doping meselesiniň bassyr-ýussur edilmelidigi hakda karar beren Orsýetiň sport ministriniň orunbasary Ýuriý Nagornyh bolupdyr. Futbolçylara barada hem "SAVE" diýip atlandyrylýan bassyr-ýussur kararyny çykaran Mutko ýaly bolýar.

Hasabatda: "Orsýetiň ligasynda oýnaýan azyndan bir çet ýurtlynyň bassyr-ýussur kararyndan peýdalanandygyny baş derňewçi bilýär" diýilýär. " SAVE kararyny çykaran ministr Mutko, ministriň orunbasary Nagornyh däl".

"Samsyk"

Derňewde doping ulanandygy ýüze çykanyndan soň SAVE kararyndan Orsýetiň ýene on bir sany futbolçysy peýdalanypdyr.

"E-mail subutnamasy bar. Ol futbolçylar barada gutarnykly SAVE kararyny çykarynyň WL-digini görkezýär. Bu bolsa sport ministri Witaliý Leontiýewiç Mutkonyň adynyň baş harplarydyr".

2018-nji ýylda Orsýetde geçjek Dünýä kubogyny guramalaşdyrýan komitetiň başlygy Mutkonyň MkLarenyň hasabaty çykaly bäri beren beýanaty ýok.

Ýöne iýun aýynda Germaniýanyň ARD/WDR telekanallary tarapyndan şular ýaly hasabat çykanynda ol olary "samsyk" diýip atlandyryp, bu zatlar Orsýeti garalamak üçin aýdylýar diýipdi.

Mutka barada soralanda FIFA: "Ahlak komiteti FIFA garaşly organ däl. Bu meselede näme edilmelidigi hakda diňe şol karar berip bilýär" diýdi.

Resmileriň ygtyýarlyklary wagtlaýyn ýatyrylar

Dünýä sportynyň ýokary derejeli anti-doping agentligi orsýetli sportçulara geljek aý Rio de Žaneýroda geçjek Tomusky Olimpiýada oýunlaryna gatnaşmagy gadagan etmäge çagyrdy. Halkara Olimpiýada Komiteti hem "bar bolan iň berk sanksiýalary" girizjekdigini aýtdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin derňew geçirilende WADA-nyň hasabatynda ady agzalýan ors resmileriniň ygtyýarlyklaryny wagtlaýyn ýatyrjakdygyny bildirdi. Ýöne ol bu mesele boýunça köpräk maglumat isleýär.

Kreml tarapyndan çykarylan beýannamada Putin sportda dopinge orun bolmaz diýse-de, raport diňe bir adamynyň beren görkezmelerine esaslanýar diýip, hasabatda aýdylýanlara şübheli garaýandygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG