Sepleriň elýeterliligi

Kiýew: Tanymal belarus žurnalisti öldürildi


Partlamanyň bolan ýeri. 20-nji iýul, 2016 ý.

Partlamanyň bolan ýeri. 20-nji iýul, 2016 ý.

Tanymal belarus žurnalisti Pawel Şeremet 20-nji iýulda Ukrainanyň paýtagty Kiýewde öldürildi. Bu waka žurnalistiň sürüp barýan ulagy partladylan mahaly boldy.

44 ýaşyndaky Şeremet irden sagat 7:45 töweregi “Ukraýinska Prawda” habar websaýtynyň edarasyna barýan mahaly, onuň sürüp barýan gyzyl reňkdäki awtoulagy partladyldy.

Ukrainanyň baş prokurory Ýuriý Lutsenko Şeremetiň “öldürilendigini” aýdyp, partlama “partladyjy serişdeleriň” sebäp bolandygyny we ähli delilleriň onuň öldürilendigini görkezýär diýdi.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Facebook sahypasynda ýazan maglumatynda ýurduň howpsuzlyk resmilerine “bu jenaýaty derhal derňemegi tabşyrandygyny” we “jogapkärleriň jezalandyrylmalydygyny” aýtdy.

Asly Belarusyň Minsk şäherinden bolan Şeremet bäş ýyl bäri Kiýewde ýaşaýardy we “Ukraýinska Prawda” habar websaýtynda žurnalist bolup işleýärdi.

Şeýle-de, ol belarus we rus media serişdelerinde hem işläpdi. Ol Ukrainanyň žurnalistler jemgyýetinde uly hormata eýedi.

XS
SM
MD
LG